Batyr Durdygylyjowiç Orazgylyjowy Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy we edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen milli toýy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goramak, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň karary bilen, Hojagulyýew Ýalkap Türkmenistanyň müftüsi wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bruneý-Darussalam Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasynda netijeli özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy babatda ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylym, bilim, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin: