Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň bilim edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek hem-de şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Toýguly Allanurowiç Nurowy Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemeli.
Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary Merdan Tirkeşowiç Atakeýewiň üstüne ýüklenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Seýdillaýewiç Atagulyýew «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmaly.
Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmaly.
Serdar Açyldurdyýewiç Joraýewi Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Şahym Abdrahmanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.