Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, özara bähbitli tejribe alyşmak boýunça köp işler amala aşyrylýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda uly işleri alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 30-njy aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2023-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de gurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Mekan Rejepmyradowiç Doglotowy Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça:
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda açyk ses bermegiň netijeleri boýunça:
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Ýusupguly Aşyrgulyýewiç Eşşäýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy.