Türkmenistanyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibi hem-de ýer meseleleri baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatmaly.
Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýewi Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
Nurmuhammet Baýramberdiýewiç Orazgeldiýewi Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellemeli.
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesinden boşatmaly.
Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewany Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemeli.
Arslan Gurbanmämmedowiç Aşyrowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.