Resmi
01.02 2025

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda atçylygy ösdürmekde, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly.

01.02 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan, dünýä atçylyk medeniýetinde abraýly orun eýeleýän, milli buýsanjymyza, şan-şöhratymyza, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, atlary bezemek däplerini, milli atçylyk sportuny we at üstündäki oýunlary mundan beýläk-de ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň durmuşdaky, sungat älemindäki möhüm ähmiýetini giňden wasp etmek, ýaş nesilleriň arasynda bedew ata we atçylyk sportuna söýgini, gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda milli atçylyk sportuny yzygiderli esasda ösdürmäge, behişdi bedewlerimizi halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn tanatmaga goşýan uly goşantlaryny we bu ugurda gazanýan ajaýyp üstünliklerini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 3 000 000 (üç million) manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

01.02 2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna 1 000 ýewrodan, jemi 17 000 (on ýedi müň) ýewro pul baýragyny gowşurmaga ygtyýar berildi.

27.01 2025

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Garaşsyz Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyna harby hem-de ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi.

24.01 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

17.01 2025

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowy Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellemeli.

17.01 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

17.01 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň şähergurluşyk-binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna paýtagtymyzda ýerleşýän asma ýoluň binalarynda we desgalarynda, ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

17.01 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

10.01 2025

«Magtymguly adyndaky halkara baýrak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykaran 6434-nji Permany bilen tassyklanan Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitet hakynda Düzgünnamanyň üçünji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

145 sahypa
Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy