03.06
2015
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi:
«Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna Ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça Teswirnamany tassyklamak hakynda»;
02.06
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyza has oňaýly şertleri döretmek we gowy hilli hyzmat etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
01.06
2015
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen–wenger toparynyň Türkmen bölegi döredildi we düzümi tassyklanyldy.
31.05
2015
Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.
28.05
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine konsorsiumyň düzümine girýän «Ferhar» we «Kerwen Gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň durkuny täzelemek barada şertnama, şeýle hem seýilgähiň çäginde restoranyň, dükanyň we garbanyşhananyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
28.05
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň
PERMANY
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
26.05
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 26-29-njy maýy aralygynda Kuweýt Döwletiniň El-Kuweýt şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
25.05
2015
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň zähmetsöýer, agzybir halky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady we medeni ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.
22.05
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talaba laýyk saklamak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň her birinde gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen bir sany döwrebap sowadyjy ammaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
21.05
2015
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Esen Öwezmämmedowiç Ýanikow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.