Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistan tarapyndan Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligi Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň döşe dakylýan nyşanyny gowşurmagyň we ony dakynmagyň tertibini hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli nyşanyň Düzgünnamasy, ýazgysy we nusgasy tassyklandy.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan orta mekdebe Annak Sähetmyradowyň adyny dakmak hakynda
Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşatmaly.
Döwlet Rozymyradowiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran XIII-1 belgili karary tassyklanyldy.
Milli ykdysadyýetimize dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýeti emele getirmek, elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzy öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 5 ýyl möhlete hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibini iki aý möhletde taýýarlamak hem-de bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.