13.03
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 13-nji martda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler.
13.03
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 13-nji martda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler.
13.03
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
13.03
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda giň mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Baýly — Gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
12.03
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Amyderýa jülgesiniň senagat düzüminiň täze iri gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu sebitde durmuş-ykdysady taslamalaryň ilerledilişi bilen tanyşdy.
12.03
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
11.03
2020
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
11.03
2020
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary boldy.
10.03
2020
11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Milli Liderimiziň bu sapary azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
10.03
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideokonferensiýasyny geçirdi. Onda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere we beýleki dabaralara taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.