05.04 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony hem-de “UGT Renewables” kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi.

05.04 2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary, öňde durýan wezipeler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

05.04 2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

04.04 2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

04.04 2023

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Katar Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

04.04 2023

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşyna agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Metbugatda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň saýlanan deputatlarynyň sanawlary çap edildi.

04.04 2023

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.


03.04 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

03.04 2023

Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň gerimde geçirilýän bu serginiň içerki we daşarky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmekde, dokma senagatynda döwrebap önümçilik düzümlerini kemala getirmekde, milli el halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde we telekeçilik ulgamyny ösdürmekde ynamly ädimleri ätmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

03.04 2023

Atajan Orazmyradowiç Mylkyýewi Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

1469 sahypa
Soňky habarlar
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi