21.07 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen hem-de “Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

21.07 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.


20.07 2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

20.07 2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň ähli halkyna Belgiýanyň milli baýramy — Patyşanyň kasam eden güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

20.07 2023

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda

20.07 2023

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

20.07 2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

19.07 2023

Şu gün Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.


19.07 2023

Ilki bilen, şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy, Onuň Alyjenaby Salman ben Abdelaziz Al Sauda bize görkezilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edişlik, şeýle hem sammiti ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen oňaýly şertler üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.


19.07 2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul etdi.


1465 sahypa
Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär