Geçen hepdäniň wakalary Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny baýram etmegiň öňüsyrasynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen beýan etdi. Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli özgertmeler syýasaty Türkmenistanyň depginli ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýan halkymyz ertirki gününe uly ynam bilen garap, öz öňünde geljek üçin belent maksatlary goýýar.
9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurtda bolup geçen hem-de köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly weýrançylyklara getiren güýçli ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalar hem-de beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk çygryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak we milli hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ugurda işleri kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şeýle hem şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň kalbynda dana şahyrymyzyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmek, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna we ýurduň ähli halkyna Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanda, şeýle-de daşary ýurtlarda şu ýylyň awgustynda geçirilen köpugurly çäreler, dürli derejedäki ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar — Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar, sergilerdir forumlar ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin amatly şertleri döretmek babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň beýany boldy.