Sizi türki halklaryň gadymy baýramy — bahar paslynyň gelmegini hem-de tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türki halklaryň gadymy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toý-baýramlara beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň watandaşlarymyzy döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen belent maksatly işlere galkyndyrjakdygyna, baý medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.
Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda, ählihalk derejesinde agzybirlikde geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bahar paslynyň, täzelenişiň hem-de ýaşaýşyň dabaralanmagynyň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.