17.08
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen döredilen, ýurdumyzyň daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin, ylmy- amaly žurnalyň nobatdaky, ikinji sany çapdan çykdy.
15.08
2015
Aşgabat, 15-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly maslahatlar zalynda iş maslahaty geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde ylmy-gumanitar pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
13.08
2015
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän “Miras” ylmy köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
12.08
2015
Awaza, 12-nji awgust /TDH/. Hazar deňziniň ajaýyp kenarýakasynda şu gün bellenilen Hazar deňziniň güni ajaýyp öwüşgünlere baý boldy. Baýramçylyk çäresi hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda guraldy. Oňa laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň gününi dabaraly bellemek tabşyryldy.
12.08
2015
Şu günler Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Ozal habar berilişi ýaly, 2015-nji ýylda ýigitleriň we gyzlaryň 15 müňden gowragy okuw mekdepleriniň 1-nji ýyl talyplary bolar. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek, şol sanda täze hünärleriň açylmagynyň hasabyna 900 adam köpeldi. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty “Gämi gurluşyk” hünärine ilkinji gezek talyplary kabul edýär.
11.08
2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly eserler ýygyndysynyň nobatdaky 8-nji kitaby türkmen we rus dillerinde çapdan çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan kitapda hronologiki tertipde döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleriň, gutlaglary ýerleşdirildi. Geçen ýyl täze haýran galdyryjy üstünliklere beslendi. Munuň özi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
09.08
2015
Aşgabat, 9-njy awgust, /TDH/. Şu gün, awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda umumymilli baýramçylyk bolan Türkmen gawunynyň güni giňden we dabaraly bellenilip geçildi. Şanly senä bagyşlanan dabaralar paýtagtymyzda we welaýatlaryň teatrlarynyň sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.
06.08
2015
6-njy awgustda Türkmenistanyň Saýlaw ködeksine laýyklykda ähli saýlaw okruglarynda Geňeşleriň agzalaryny hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamaga möhletinden öň ses bermek başlandy.
05.08
2015
Aşgabat, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde ynsanperwer halkara hukuk şertnamalar ýygyndysynyň –türkmen diline terjime edilen Ženewa konwensiýalarynyň we oňa Goşmaça teswirnamalaryň tanyşdyryş çäresi boldy. Bu çäre Halkara Gyzyl haç komiteti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda geçirildi.
03.08
2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini düýpli özgertdi.