23.05
2017
Aşgabatda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň derwaýys meseleleri” atly iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Mejlisiň, Adalat ministrliginiň, ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
19.05
2017
Ýekşenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka - aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça çykyp gidenleriň ýerine Mejlisiň deputatlarynyň hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň agzalarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçiriler.
18.05
2017
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri — Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen gününi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewüligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar.
17.05
2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde sport we döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Bu ýere ozal habar berlişi ýaly, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça goňşy Özbegistanyň dürli sebitlerinden çagalar dynç almaga geldiler.
17.05
2017
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzümiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen doganlyk halka sowgat hökmünde gurlan “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
16.05
2017
Paýtagtymyzda şanly senä — Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp, “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
16.05
2017
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu foruma dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen toparlar gatnaşdylar.
15.05
2017
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almak üçin Özbegistan Respublikasyndan gelen çagalaryň uly toparyny garşylamak dabarasy boldy.
15.05
2017
Aziada-2017-niň nyşanlary bilen bezelen Koreýa Respublikasynda öndürilen “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary hem-de keşbi şekillendirilen häzirki zaman jemgyýetçilik ulagy paýtagtymyzyň 8,9,34, 37 we 42-nji gatnaw ugurlary boýunça hereket eder.
13.05
2017
Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mejlisler zalynda 7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.