Baş sahypa
\
Jemgyýet
Jemgyýet
27.08 2018
Täze okuw ýylynyň öň ýanynda interaktiw tagtalaryň ellisi we täze döwrebap enjamlaryň tapgyry Daşoguz welaýat bilim müdirliginiň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Olar şäherleriň we obalaryň umumy bilim berýän mekdeplerinde ornaşdyrmak üçin etraplara bölünip berildi.
27.08 2018
Şu gün Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman gaýdyp geldiler.
25.08 2018
Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r ins­ti­tu­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de düýn «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň Kong­res­ler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di.
22.08 2018
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Now­ruz ýaý­la­syn­da Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di we bu nu­ra­na baý­ram my­na­sy­bet­li gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy, şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di.
18.08 2018
Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda täze desgalar dabaraly ýagdaýda ulanmaga tabşyryldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan etraplary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan özgertmeleriň çäklerinde guruldy.
12.08 2018
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň gü­ni giň­den bel­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aw­gust aýy­nyň ba­şyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýän çä­re türk­men döw­le­ti­niň uzak ­möh­let­le­ýin döw­re, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň ber­ki­dil­me­gi­ne we gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň wa­gyz edil­me­gi­ni, Ha­zar deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni esa­sy ugur edin­ýär.
05.08 2018
Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry” gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ýö­ri­te uçar gat­na­wy bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­na ha­ja ug­ra­dy­lar.
26.07 2018
Demir ýol ulaglary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligini tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýolagçylara edilýän hyzmaty kämilleşdirmäge we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen işler amala aşyrylýar.
26.07 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp baran köptaraply işini hemmetaraplaýyn şöhlelendirýän neşiriň 10-njy goýberilişi çapdan çykdy. Nobatdaky neşir ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanylmagy mynasybetli milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip atlandyrylan 2016-njy ýyla bagyşlanyldy.
24.07 2018
“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýurdumyzda gurulýan iri desgalar, giň möçberli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly wakalar hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Şolarda täzeçil inženerçilik çözgütleri we tehnologiýalary beýan edilýän seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli çig maldan gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşlerini döretmek we pudagyň dünýä ösüşi babatdaky meýiller beýan edilýär.
177 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY