11.06
2018
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
09.06
2018
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna baýramçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Dabara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
06.06
2018
Şu gün Tagtabazar etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, desgany “Aby-Köwser” hojalyk jemgyýeti bina etdi. Bir gije-gündizlik kuwwaty 15 müň kubmetr agyz suwuny arassalamaga deň bolan toplum ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün eder.
06.06
2018
Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahaty 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda sagat 9.00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär.
05.06
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.
05.06
2018
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
03.06
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi netijesinde dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ýurdumyzyň tejribesine we türkmen Lideriniň şunda eýeleýän ornuna, şeýle hem geçirilýän degişli çärelere gyzyklanmalary has-da artdy. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, 1-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirildi, ony Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba aldylar.
01.06
2018
Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizilen Çagalary goramagyň halkara gününi belledi. Munuň özi dünýä bileleşigi bilen ylalaşygyň, milli Liderimiziň amala aşyrýan syýasatynyň umumadamzat gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu syýasatyň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň düýp manysy raýatlaryň durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýaş nesiller we olaryň geljegi hakyndaky aladadan ybaratdyr.
31.05
2018
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi giň okyjylar köpçüligine niýetlenen taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet pudaklaýyn žurnalynyň 19-njy sanyny çap etdi. Türkmen we rus dillerinde neşir edilýän “Türkmen arhiwi” žurnalynyň esasy wezipesi Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmekden, ýurdumyzyň arhiw işiniň nazaryýet esaslarynyň ösdürilmegine hem-de bu ulgamda gazanylanlary beýan etmäge ýardam bermekden ybaratdyr.
29.05
2018
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparyna