Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna bardy.
Fewral aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde barha işjeň orny eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi — sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry bolan dalaşgärleri bellige almak tamamlandy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Ýer ýüzüniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.