15.04 2024

Berdimuhammet Kakajanowiç Taganowy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

15.04 2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Annamyradowiç Kakabaýew Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

15.04 2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

15.04 2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetberdi Şadurdyýewiç Öwezmyradow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

15.04 2024

Şu gün paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.

15.04 2024

Şu gün paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň on ýurdundan toparlar gatnaşýar.

15.04 2024

Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri şu gün Aşgabatda açylan halkara ýaryşda Bahreýniň toparyny 8:1 hasabynda utup, ýeňiş gazandylar.

15.04 2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. 

15.04 2024

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka bolan bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

15.04 2024

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1535 sahypa
Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry