27.12 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

26.12 2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.

25.12 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

25.12 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Maýýa Sanduwa Moldowa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

25.12 2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Azerbaijan Airlines” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

25.12 2024

Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.

25.12 2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.

24.12 2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar.

24.12 2024

Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy.

23.12 2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

1499 sahypa
Soňky habarlar
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — möhüm ekologiýa wezipelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge goşant
13.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy
12.07
Durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap
12.07
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
10.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi