25.05 2026

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

25.05 2026

Sizi ajaýyp arzuwlara we belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

25.05 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

25.05 2026

Sizi döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky belent maksatlarymyzyň myrat tapýan mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

24.05 2026

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

24.05 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa iki ýurduň dostlugynyň nyşany hökmünde halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň taryhy nyşany bolan iki sany türkmen alabaýyny iberdi.

24.05 2026

Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

23.05 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

23.05 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

23.05 2026

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden bellenilmegi diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, bütin halkymyz üçin buýsandyryjy wakadyr. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini we maslahaty geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini giň halkara jemgyýetçilige ýaýmaga gönükdirilen halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edýärin.

1494 sahypa
Soňky habarlar
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
30.06
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine
30.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi