Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma onuň dogany Şeýh Ahmed bin Raşid Al Maktumyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Gana Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bolup, behişdi bedewler üçin döredilen mümkinçilikler we olary ösdürip ýetişdirmegiň ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Sizi eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda geçirilýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.