15.12 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi.

15.12 2025

Şu gün paýtagtymyzda ýakymly we uzak garaşylan Täze ýyl baýramynyň hormatyna däp bolan dabaralaryň başlanýandygyny alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.

15.12 2025

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa we ýur­duň äh­li hal­ky­na Türk­me­nis­tan bi­len Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

14.12 2025

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­men ala­baý it­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek däp­le­ri» at­ly mil­li hö­dür­na­ma­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi my­na­sy­bet­li türk­men hal­ky­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň adyn­dan tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Si­ze mer­da­na hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­ly­gy bo­lan türk­men ala­baý­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek, ola­ryň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

14.12 2025

Şu gün ýur­du­myz­da Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ne­bit­gaz top­lu­my­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler” at­ly baý­ram­çy­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

14.12 2025

Si­zi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ne­bit­gaz se­na­ga­ty we geo­lo­gi­ýa iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

13.12 2025

Ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

12.12 2025

Şu gün paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

12.12 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

12.12 2025

Sizi Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygyňyz üçin ýurdumyzyň halkynyň adyndan mähirli gutlaýaryn.

1533 sahypa
Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary