Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy we hemmeleri oba hojalyk toplumynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady.
Sizi ýurdumyzyň edermen gallaçylarynyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnap, döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý edip, uly zähmet üstünligini gazanmaklary mynasybetli türkmen halkynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Nazar Halnazarowiç Agahanowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedowy Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine bellemeli.
Begenç Meretgeldiýewiç Annadurdyýewi Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine bellemeli.
Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Ulag we aragatnaşyk toplumyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.
Hajymyrat Şihmyradowiç Hudaýgulyýewi Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.