21.09 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

21.09 2025

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, täze taryhy eýýamda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

21.09 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

20.09 2025

Şu gün paýtagtymyzda dürli pudaklarda zähmet çekýän, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly şahsy goşandyny goşan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.

19.09 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baş baýramymyzy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny şanly wakalar we zähmet üstünlikleri bilen garşy alýarys.

19.09 2025

Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny giňden toýlarys.

19.09 2025

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

19.09 2025

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynda Oguz han etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

19.09 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň himiýa pudagynyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” we Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýul aýynda başlamak we toplumy 2030-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

19.09 2025

Sizi Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglanmagyňyz we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1469 sahypa
Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi