Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Ýelizaweta II ýanýoldaşy — Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Filippiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýet, sungat we syýahatçylyk ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Gözelligi we sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň geljegi nazarlaýan şäher hökmünde häsiýetlendirilmeginde çuňňur many bar. Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen bir ýylda bellenilmegi bu baýramlaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.
Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygynda EYR-iň wekilleriniň Aşgabatdaky iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn türkmen-eýran daşary syýasaty boýunça geňeşmeler geçirildi.
Şu gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Sizi uly dabara bilen bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalary giňden ornaşdyrylýan Garaşsyz Watanymyzda bu ajaýyp halkara baýrama gabatlanyp geçirilýän medeni-sport çäreleriniň mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.