Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy.
16-njy aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Onda 2-nji aprelde Milli Geňeşiň Mejlisiniň on ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.
16-njy aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, döwlet we hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de iri işewür toparlaryň wekillerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Meý Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Kanadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.