Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.
Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Surinam Respublikasynyň Prezidenti Çandrikapersad Santohä Türkmenistan bilen Surinam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy.
Türkmenistanda 7-nji iýulda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.
Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan hem-de hut öz adymdan Size çuňňur hormatymy beýan edýärin we Siziň maşgalaňyzy hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gurban baýramynyň we onuň ruhy gymmatlyklarynyň biziň ýurtlarymyza, türki halklara, tutuş Ýer ýüzüne parahatçylyk, asudalyk, bagtyýarlyk getirjekdigine ynanýaryn.