12.08
2015
Aşgabat, 12-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mustafa Kapujuny kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
12.08
2015
Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde golaýda geçen alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türkmen türgenleri 3 altyn we 4 bürünç medal gazandylar.
11.08
2015
Tagtabazar, 11-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Tagtabazar serhet birikmesiniň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly polkunyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
11.08
2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly eserler ýygyndysynyň nobatdaky 8-nji kitaby türkmen we rus dillerinde çapdan çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan kitapda hronologiki tertipde döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleriň, gutlaglary ýerleşdirildi. Geçen ýyl täze haýran galdyryjy üstünliklere beslendi. Munuň özi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
10.08
2015
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.08
2015
Berkarar Watanymyzyň merdana serhetçileri!
Sizi Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 23 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
10.08
2015
Aşgabat-Mary, 10-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.
10.08
2015
Aşgabat, 10-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ugurlara, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.
09.08
2015
Ahal welaýaty, 9-njy awgust (TDH). Şu gün – ýekşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda durmuş maksatly, şol sanda şypahana düzümine degişli täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutanymyz öz egindeşlerinden Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.
09.08
2015
Aşgabat, 9-njy awgust, /TDH/. Şu gün, awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda umumymilli baýramçylyk bolan Türkmen gawunynyň güni giňden we dabaraly bellenilip geçildi. Şanly senä bagyşlanan dabaralar paýtagtymyzda we welaýatlaryň teatrlarynyň sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.