01.03
2018
Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, kanunylygy we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir toparyny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.
01.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Myhman EYR-nyň harytlarynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine baştutanlyk edip, paýtagtymyza geldi.
01.03
2018
Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň we türkmen-eýran işewürler maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ýylda Aşgabatda geçirilýän bu çäreleriň köptaraply türkmen-eýran gatnaşyklaryny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.
28.02
2018
Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini möhüm meseleleriň biri hökmünde jar edýän milli Liderimiz sportuň atçylyk, welosiped we awtomobil sporty, ylgaw, tennis hem-de beýleki dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen hem ýaşlara nusga bolýar. Öz döwlet işleriniň köpdügine garamazdan, hormatly Prezidentimiz her gün ýokary ussatlygy görkezip, beden maşklary we sport bilen meşgullanmaga wagt tapýar. Milli Liderimiz yzygiderli türgenleşigiň adamy diňe beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, eýsem, onda güýçli erkliligi, düzgün-nyzamlylygy, zähmete söýgini we maksadaokgunlylygy terbiýeleýändigini belleýär.
28.02
2018
“Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen täze neşiriň esaslandyryjysy bolup durýar.
28.02
2018
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň 25-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlaryň çäklerinde giňden ýaýbaňlanan taýýarlyk işleriniň möhüm tapgyry tamamlandy.
28.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.
27.02
2018
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-2020-nji ýyllar döwür üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanyldy. Bu habar BMG-niň Ženewadaky (Şweýsariýa) bölüminden gelip gowuşdy. Şol ýerde 20-23-nji fewralda abraýly hökümetara guramasynyň nobatdaky–80-nji mejlisi geçirilip, onuň işine türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
27.02
2018
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde grek-rim we erkin göreş boýunça badalga alan Aziýa çempionatynyň birinji güni grek-rim usuly boýunça 77 kilogram agram derejesinde çykyş eden türkmen pälwany Şermet Permanow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
27.02
2018
Taryhy bir ýarym müň ýyldan gowrak dowam eden Beýik Ýüpek ýolunyň kemala gelmeginiň ilkinji ýyllarynda diplomatlar, täjirler we jahankeşde—alymlar onuň ähmiýetiniň hem-de meşhurlygynyň artmagynda aýratyn orun eýelediler. Olar ençeme aýlaryň dowamynda kerwenli ýol ýöräp, çölleri we daglary kesip, deňizlerden hem-de derýalardan geçipdirler.