11.04 2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik — şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda inžener ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
10.04 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze merkez Gökdepe etrabynyň çäginde bina ediler.
10.04 2019
Şu gün türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda geçirilen “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ýokary derejeli Ýewropa maslahaty öz işini tamamlady.
09.04 2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
09.04 2019
Şu gün irden paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady.
09.04 2019
Şu gün Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
09.04 2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbandurdyýew Baýmyrat Baýramowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
09.04 2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.H.Hudaýkulyýew hakynda Şöhrat Hemrakulyýewiç Hudaýkulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
09.04 2019
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
08.04 2019
Şu gün, 9-njy aprelde Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýokary derejedäki halkara maslahat açylýar. Ýurdumyzda iri wekilçilikli çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişlikde ýokary abraýa eýe bolýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkynyň we her bir raýatynyň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladanyň esasy orunda durýan oňyn döredijilik syýasatynyň ählumumy goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
1522 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY