17.05
2019
Şu gün Mary welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, döwletimiziň pile harmanyna ýokary hilli çig malyň 430 tonnadan gowragyny tabşyrdylar.
16.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy we bedew bilen gezim etdi. Milli Liderimiz toplumyň çäginde täze doglan alabaý tohumyndaky güjükleri synlady we asylly däbe görä, olaryň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda tutup, güjüklere at dakdy.
16.05
2019
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady.
16.05
2019
Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
16.05
2019
Şu gün Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýüpekçileriň birleşen tagallasy bilen kabul ediş bölümlerine dokma senagaty üçin ýokary hilli çig malyň 960 tonnadan gowragy tabşyryldy.
16.05
2019
Garaşsyz ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
15.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
15.05
2019
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady.
15.05
2019
Ahal welaýatynyň pileçi kärendeçileri 156 tonnadan gowrak pile öndürip, ýurdumyzda ilkinji bolup şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada habar berdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda şu welaýatyň häkimi habar berdi.
15.05
2019
Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky, 22-nji mejlisi geçirildi.