26.05
2019
Müňýyllyklardan gözbaş alýan ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.
25.05
2019
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Ol şähergurluşygy babatda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.
25.05
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.
25.05
2019
Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze belent maksatlara ýetmäge ruhlanan oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilimleri aldylar.
25.05
2019
Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan ajaýyp bilimler baýramy — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
25.05
2019
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
24.05
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
24.05
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
23.05
2019
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleriniň üpjün edilişine üns berdi.
23.05
2019
Ady rowaýata öwrülen belarus şäheri XIV Halkara mediaforuma gatnaşyjylaryň 250-ä golaýyny mähirli garşylady. Olar dünýäniň 24 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan esasy habar beriş serişdelerine — habarlar agentliklerine, tele we radio ýaýlymlaryna, sebit neşirlerine, bilermenler jemgyýetine wekilçilik edýärler.