27.06
2019
Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda uly şatlyk-şowhun bilen bellenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin!
26.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy.
26.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
26.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
26.06
2019
Welaýatda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny beýan edýän hem-de halkymyzyň ruhy durmuşynyň köptaraply öwüşginini görkezýän Medeniýet hepdeliginiň çäreleri dowam edýär.
26.06
2019
Şu gün Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary dänäniň 380 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, azyklyk bugdaýy taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýer eýeleriniň dünýä belli «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kysymly ýokary öndürijilikli kombaýnlary gije-gündizleýin we netijeli ulanmagy oragyň depginlerini tizleşdirmäge ýardam berdi.
26.06
2019
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
25.06
2019
Şu günler Magtymguly etraby uly we köpöwüşginli döredijilik baýramçylygyna beslenýär. Şol ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň maksatnamasy türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmek meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny hem-de Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konserti öz içine aldy.
25.06
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenen baştutany hanym Kristina Weýgandy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
25.06
2019
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply syýasy we guramaçylyk işi barada dowamly çap edilýän neşiriň 11-nji goýberilişi neşir edildi. Kitapda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýen şygar astynda geçen 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti we manysy açylyp görkezilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «2017-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylan, buýsançly netijeleriň gazanylan ýyllaryň biri boldy...».