Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
Çap edildi 19.01.2023
1416

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Netijeli zähmet çekmek üçin döredilýän şertler, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzdan ugrady we birnäçe wagtdan soňra Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagyny innowasion esasda ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz ulgamynyň kuwwatyny doly derejede ulanmak, onuň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bu strategiýanyň möhüm ugurlarydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary “Galkynyş” käniniň ýanyndaky meýdançada gondy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň düzümlerine döwrebap innowasion usullaryň ornaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi. Içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini, onuň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrandygyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady. Ýurdumyz amatly maýa goýum ýagdaýyny döredip, dünýäniň köp döwletleri, iri daşary ýurt kompaniýalary, abraýly maliýe edaralary we halkara guramalar bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýurdumyzda täze känleri açmagyň we olary senagat taýdan özleşdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Milli ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetli bolan bu pudakda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän energetika howpsuzlygynyň bitewi ulgamynyň döredilmegine saldamly goşant goşýar.

“Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe düzümleýin desgalary gurdy. Bu gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek bilen baglanyşykly ähli tehnologik işleriň awtomatlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Ýörite enjamlar desgalaryň ygtybarly işini we ekologik taýdan howpsuzlygyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, halk hojalygy toplumyny döwrebaplaşdyrmak we innowasion taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belläp, ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we Mary şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady.

Ýol ugruna hormatly Prezidentimiz dikuçarda welaýatyň çäginden geçýän Garagum derýasyny synlady. Sowuk howa akymlarynyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagy bilen, derýada buz gatlagy döredi. Şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmen halky “Suw damjasy — altyn dänesi” diýen filosofik jümlede suwa bolan aýawly garaýşy beýan edip, taryhyň dowamynda suwy rejeli ulanmaga uly üns beripdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, suwaryş ulgamlarynyň gowulandyrylmagy bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biri hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny tamamlap, Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow