Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisi: Türkmenistanyň döredijilikli gün tertibi
Teswirlemeler
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisi: Türkmenistanyň döredijilikli gün tertibi
Çap edildi 15.08.2017
5769

Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlaýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýermek bilen, ýurdumyzyň öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda amala aşyrjak we gorajak ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Türkmen diplomatiýasynyň tapawutly häsiýetine öwrülen şeýle derejedäki açyklyk, dünýäniň häzirki ösüşiniň derwaýys meselelerini bilelikde çözmäge taýýarlyk halkara bileleşiginde ýokary baha mynasyp bolýar, Milletler Bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde bitarap döwletimiziň abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýär. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy ýadawsyz hem-de yzygiderli goramak Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisiniň barşynda işiniň esasy ugry bolar. Bu işde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen giň hem-de köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Terrorçylyga garşy göreşmek işinde hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklar dowam etdiriler. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň terrorçylyga garşy müdiriýetiniň döredilmegini goldamak bilen, 2017-nji ýylyň 13-nji iýunynda Aşgabatda BMG-niň Baş Sekretarynyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýada BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça “Merkezi Aziýa-BMG ýokary derejeli gepleşigiň” netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny mundan beýläk-de amala aşyrmak maksadynda şu düzüm bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr. Türkmenistan gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almakda, olaryň döremegine getirýän sebäpleri aradan aýyrmakda, ýurtlaryň arasynda ynanyşmak ýagdaýy döretmekde, döwletleriň syýasy-diplomatik, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri kemala getirmekde öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm orun berýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitinde ýokarda agzalyp geçilen wezipeleri durmuşa geçirmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň işiniň ähmiýeti artýar we biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisiniň çäklerinde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmek işinde derwaýys meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamak maksady bilen, Kararnamany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň mümkinçiligine garamagy teklip edýär. Şeýle hem häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Türkmenistan ählumumy kiber-howpsuzlygy üpjün etmek meselesine düýpli çemeleşmegi hem-de dünýä bileleşigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň barşynda bu mesele boýunça işi işjeňleşdirmegi teklip etmegi maksada laýyk hasaplaýar. Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşi maglumat-tehnologiýa ulgamynda okgunly öňegidişlikler bilen utgaşýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak döwletimiziň halkara giňişliginde alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugry bolar. Türkmenistan 2015-nji ýylyň oktýabryndan başlap, BMG bilen bilelikde bu ugurda toplumlaýyn we netijeli işleri amala aşyrmak hem-de DÖM-ni iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça Milli guraly döretmek bilen, 72-nji mejlisiň çäklerinde 2018-nji ýylda geçiriljek “Durnukly we ýaşaýşa ukyply jemgyýete barýan ýolda özgertmeler” atly ýokary derejeli syýasy forumyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy maksada laýyk hasaplaýar. Ýurdumyz durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde sportuň ähmiýetini bellemek bilen, ösüşiň we parahatçylygyň ýörelgelerini durmuşa geçirmäge, adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, saglygy goraýyş, bilim, durmuş we beýleki ulgamlarda möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilen halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şu maksatlar bilen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde çap edilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” Halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna esaslanyp, Türkmenistan ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýä we sporta jogap berýän ministrleriň hem-de ýolbaşçy işgärleriň ýedinji Halkara maslahatyny geçirmek barada teklibini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky “Biziň dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibi” Kararnamasynyň esasy düzgünlerine berk eýermek hem-de aýry-aýry adamlaryň we jemgyýetleriň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek işinde sportuň goşandynyň artýandygyny ykrar etmek bilen, 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bosgunlaryň olimpiýa toparynyň gatnaşmagy baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisiniň çäklerinde Bosgunlaryň olimpiýa toparynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan gymmatly goşandyny höweslendirmek hakyndaky resminamany kabul etmegi teklip edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň barşynda türkmen diplomatiýasynyň işinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn orun berler. Ýurdumyz halkara bileleşigi tarapyndan kabul edilen, täze halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de öňden bar bolanlarynyň işini işjeňleşdirmäge gönükdirilen çözgütleriň durmuşa geçirilmegine işjeň ýardam bermegini dowam eder. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda türkmen paýtagtynda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça Aşgabat Beýannamasy kabul edildi. Onda halkara ulag-üstaşyr düzüminiň durnuklylygyny hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýan bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasy görkezijileri kesgitlenilýär. Türkmenistan bu resminama salgylanmak bilen hem-de 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wezipelerini netijeli çözmek maksadynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Baş Assambleýanyň “Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek” Kararnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiligine garamagy teklip edýär. Şeýle hem ýurdumyz ýakyn geljekde BMG-niň derejesinde Durnukly ulag ýylyny yglan etmek hakyndaky mümkinçilige garamagy teklip edýär. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk, energiýa serişdelerine durnukly we adalatly elýeterliligi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň ygtybarly we durnukly energiýa üpjünçiligine gönükdirilen degişli kararnamalarynyň düzgünlerini takyk we gyşarnyksyz ýerine ýetirer hem-de şu maksatlar bilen, gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara guramalaryň ählisi bilen ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. 2017-nji ýylda Türkmenistan Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk ediji döwletiň wezipesini ýerine ýetirýär. Ýurdumyz özüniň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda durnukly energetika ulgamynda täze halkara hukuk-guralyny işläp taýýarlamak işini işjeňleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň birnäçesini amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energiýa howpsuzlygy hem-de durnukly ählumumy energetika ulgamyny döretmek babatda köptaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işini goldaýandygyny tassyklaýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan energiýa çeşmelerini hem-de energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin guramaçylyk, hukuk, ykdysady, tehniki we beýleki zerur şertleri döretmek işine işjeň gatnaşar. Energiýanyň netijeliligini we energiýanyň tygşytlylygyny üpjün etmek meselelerinde döwletleriň hem-de halkara düzümleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak dünýä bileleşiginiň durnukly energetika ulgamyndaky işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň çäklerinde ýurdumyz BMG-niň howadanlygynda energetika meselesi boýunça geçirilýän halkara duşuşyklaryň we maslahatlaryň netijelerini hem-de maslahatlaryny umumylaşdyrmak boýunça işi başlamak hakyndaky meselä garamagy maksada laýyk hasaplaýar. Soňra şol netijeler we maslahatlar Birleşen Milletler Guramasynyň degişli köptaraplaýyn resminamasynda umumylaşdyrylan görnüşde beýan edilmelidir. Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň goldaw bermek Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Döwletimiz Baş Assambleýanyň öňümizdäki mejlisiniň barşynda daşky gurşawy goramagyň, suw serişdelerini dolandyrmagyň, tebigy hem-de tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almagyň we olaryň täsirini peseltmegiň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşar. Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynda (AHHG) Başlyklyk etmegini nazara almak bilen, ýurdumyz 2018-nji ýylda Türkmenistanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM), BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy (ÝUNEP), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi ýaly ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň gatnaşmagynda AHHG-ni dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitini geçirmegi teklip edýär. Şeýle hem Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda ýörite Aral Ekologiýa maksatnamasyny taýýarlamaga girişip biljek halkara bilermenler toparyny döretmek hakyndaky meselä garamagy teklip edýär. Türkmenistan örän möhüm ynsanperwer meseleleri çözmekde halkara tagallalaryny güýçlendirmäge berk ygrarly bolmak bilen, BMG-niň adam hukuklary ulgamynda esasy Konwensiýalaryny ýerine ýetirmek boýunça iş ýüzünde netijeli çäreleri amala aşyrmakda BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugyndan gelip çykýan borçnamalaryny berjaý etmäge taýýardygyny tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň çäklerinde ýurdumyz BMG-niň halkara-hukuk resminamalarynyň esasynda kabul edilen milli we sebit maksatnamalaryny hem-de adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklara tagallalaryny gönükdirer. Bu işde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun berler. Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlary ýurdumyzyň jogapkärlidiginiň, açyklygynyň hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we deňhukukly howpsuzlygy pugtalandyrmak, BMG-niň ynsanperwerlik ýörelgelerini berkarar etmek, durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak üçin halkara bileleşigi bilen bilelikde ähli tagallalary etmäge taýýardygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisine öňdäki işi üçin netijeli gurallary hem-de dünýägaraýyş esaslary, özüniň döredijilikli gün tertibi, aýdyň ýörelgeleri hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk kesgitlän maksatlary we wezipeleri bilen geldi.

Soňky habarlar
25.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
top-arrow