Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 28.04.2026
1732

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köpugurly işleri barada maglumat berildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-müsür gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamed özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamedi Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamediň tejribesi we ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan möhüm wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyny hem-de hormatyny gazanjakdygyna ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden onuň meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, ýurduňyza bolsa gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow