Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Çap edildi 25.04.2026
51

Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykarylyp, atçylyk-sport düzümlerini, atçylyk sportunyň görnüşlerini, milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Pudagyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine hem aýratyn üns berilýär. Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda zerur işler amala aşyrylýar.

Hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň açylmagy pudagyň ösüşine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Diýarymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriň, athanalaryň gurulmagy atşynaslaryň işini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde «Akhan», «Taýçanak» binalarynyň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewleriň halkymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýändigini subut edýär.

Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzyň bedewlere goýýan sarpasyna, ýurdumyzda ahalteke atlaryny we gadymdan gelýän seýisçilik däplerini aýawly saklamak babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

...Baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde türkmen halkynyň atşynaslyk sungatynda uly yz galdyran, halkara gözellik bäsleşikleriniň birnäçe gezek ýeňijisi bolan meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak, dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler öz beýanyny tapdy. Bellenilişi ýaly, wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjy, ýakyn syrdaşy bolan behişdi bedewler häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek, dünýä derejesinde uly ýeňişleri gazanyp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň atlaryny ebedileşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Çykyş edenler Pyýada atly bedewiň gazanan ýeňişleriniň türkmen seýisçilik sungatynyň dünýä derejesinde uly üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtadylar. Pyýada Aşgabat şäherinde 1998-nji, 1999-njy, 2000-nji we 2001-nji ýyllarda geçirilen ahalteke atlarynyň gözellik sergileriniň ýeňijisi, 2008-2009-njy ýyllarda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen «Türküstanyň ýyldyzy» atly gözellik bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda ýazky at çapyşygy möwsüminde üçýaşar atlaryň arasynda 1 müň 800 metr aralyga geçirilýän çapyşyklaryň ýeňijilerine onuň adyny göterýän «Pyýada» baýragy gowşurylýar. Şunuň bilen baglylykda, Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda açylan bu ajaýyp heýkel ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, halkymyzyň köpasyrlyk atşynaslyk mekdebine we milli mirasymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra dabaraly ýagdaýda Pyýadanyň heýkeli açyldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, atçylyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Soňra baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler bar.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş girelgesiniň öňünde bina edilen meşhur Pyýadanyň heýkelini synlady hem-de bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Çykyşlarda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ajaýyp ahalteke bedewleriniň waspy ýetirildi. Ýurdumyzyň Hökümet agzalary Pyýadanyň heýkeliniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmelere şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu ýerde ýadygärlik surata düşdi. Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň baş binasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz ýolugra Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady. Olarda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň ahalteke bedewleriniň keşbini çeper beýan edýän işleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, at esbaplary, fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bu eserler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhuny şöhlelendirip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwatyny açyp görkezýär. Her bir eserde ahalteke atlarynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny beýan edilýär. Hususan-da, bedewleri şekillendirýän surat we heýkeltaraşlyk eserlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Suratkeşler olaryň gözelligini, duýgur nazaryny, syrdam keşbini ussatlyk bilen şöhlelendiripdirler. At heýkelleri pederlerimiziň «At — myrat» diýen jümlesini aýdyň şöhlelendirýär. Munuň özi diňe bir bedewleriň gözelligine belent sarpa goýulýandygyny aňlatmak bilen çäklenmän, olara ählumumy söýginiň, milli buýsanjyň hem beýanydyr.

Milli Liderimiz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Ahalteke bedewleriniň dowamaty rowaç bolsun!” diýip belleýär. Bu günki gün bu sözler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuş hakykatyna öwrülýär. Ahalteke bedewine söýgi zergärçilik sungatynda-da mynasyp beýanyny tapýar. Halkymyz bedewlere hemişe buýsanypdyr, gymmat bahaly metallardan, daşlardan olar üçin bezeg esbaplaryny döredipdir, bezegler bilen baglanyşykly köp sanly däp-dessurlar emele gelipdir. Sergi bölümlerinde görkezilýän bedew esbaplarydyr bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. At esbaplary türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nepis işler ussat türkmen zergärleriniň özboluşly döredijilik mekdebiniň bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk nusgadygyny tassyklaýar.

Sergi bölümlerinde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary ýaňlandy. Şeýle-de bu ýerde ak öýler dikilip, halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň ösüşini beýan edýän täsin gymmatlyklar toplumy görkezildi. Şolaryň hatarynda milli lybaslar, şaý-sepler, ýaşaýyş-durmuş esbaplary, sungatyň döwrebap görnüşlerine degişli eserler bar.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly baýramçylyk çykyşyny ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz toplumyň baş binasyna bardy.

Ähli türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermäge berýän aýratyn ünsi üçin hoşallyk sözleri beýan edildi.

Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda tagallalaryna çäksiz hoşallygy alamatlandyrýan ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen dabaralar meýdançasyna çagyryldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gözbaş, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sumbar, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Jeýhun, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Marguş, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Nusaý, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Mertebeli atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Şol pursatlarda welaýatlara, Aşgabat, Arkadag şäherlerine wekilçilik edýän ýaş nesiller ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny joşgunly goşgy setirleri arkaly beýan etdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Gaýratly atly bedew sowgat berildi.

Soňra halypa atşynas halkymyzyň «Arkalaşan dag aşar» diýen pähiminiň bardygyny, «arkama-arka» diýen düşünjäniň bolsa nesliň dowamat-dowamlygyny, döwletlilik ýolunyň rowaçlygyny aňladýandygyny belläp, ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkahan atly bedewi sowgat hökmünde kabul etmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Şeýle hem halypa atşynas halkymyzda “dag” diýmegiň daýanç, direg, gorag ýaly düşünjeleri aňladýandygyny aýdyp, “Gahryman Arkadagymyz, at arkasy gutly mübärek bolsun!” diýip nygtady hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine Daghan atly ahalteke bedewini gowşuryp bermegini haýyş edip, hormatly Prezidentimize ýüzlendi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan hormatly ýaşululara hem-de atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen Daghan atly bedewiň boýnuna Ogulabat enäniň örüp miras goýan alajasyny, Arkahan atly bedewiniň boýnuna bolsa käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Atçylyk däplerini ösdürmäge, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik nusgalyk bedewleri hemmetaraplaýyn ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy.

Syn ediş meýdançasyna ahalteke atlarynyň iň naýbaşy nesil ugruny esaslandyran meşhur bedewleriň neslinden bolan, biri-birinden owadan bedewler çykaryldy. Alypbaryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de gelip çykyşy bilen tanyşdyrdy. Olar Gojameýdan, Hankerwen, Meýdanly atly mele, Pespälli diýen gurt mele, Edermen, Pähimli, Kerwen atly dor, Adyl atly gara dor, Mekan atly gara we Merdana atly gyr atlardyr. Bu bedewleriň ählisi şöhratly nesil ugurlaryna degişli bolup, ol ýa-da beýleki tohum ugruny dowam etdirijilerdir. Şunda behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy esasy nesil ugurlarynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldy.

Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa ussat zergärleriň taýýarlan milli şaý-sepleri bilen bezelen görnüşde geçirildi. Alypbaryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumatlary aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Bedewlere bagyşlanan şahyrana setirler belentden ýaňlandy.

Soňra Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň hem-de bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde B.Ballyýewiň hojalygyna degişli bolan Meleguş diýen at birinji orna mynasyp boldy.

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gudratly diýen at ýeňiji boldy. Ýeňijilere ýurdumyzyň pudak edaralarynyň baýraklary gowşuryldy.

Soňra atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Onda haly eserini döretmek, zergärçilik, surat we heýkel eserleri, neşir önümleri, fotosurat, teleoperatorçylyk işi ýaly ugurlar boýunça iň gowy işler saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijilere — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy M.Annaberdiýewa «Bagtyýar» atly haly eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy B.Amanowa «Türkmen bedewi» atly at şaý-sep toplumy; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy R.Kurbanowa «Toýly Watanym» atly nakgaşlyk eseri; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy A.Mälikowa «Türkmen bedew aty Toýly» atly heýkel eseri; Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby I.Çüriýewe «Bedewim — göz guwanjym» atly foto işi; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň operatoryň işi we montažyň režissurasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Kakabaýewe «Türkmen bedewi» atly wideoşekili üçin baýraklar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar döredijilik işlerinde gözelligiň, sazlaşygyň ýokary derejesi, täsinligiň belent nusgasy hasaplanýan bedewiň keşbine bolan garaýşyny özboluşly beýan etmäge çalşypdyrlar. Ýeňijiler döredijilik işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gaplaňyň ugruna degişli Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy.

Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Ýeňiji bolan bedewiň seýsi gymmat bahaly baýrak, atçylyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol türkmen atşynaslarynyň geljekde-de bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyryp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly eseri sowgat berildi.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, şu günki dabaralar halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň nyşany boldy.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow