Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
Çap edildi 26.04.2026
53

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederlerimiziň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Merdana halkymyzyň durmuşynda ganatly bedewlerimiziň tutýan orny aýratyn ähmiýete eýedir. Gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydyr. Halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleler munuň aýdyň beýanydyr.

Hormatly atşynaslar!

Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer.

Türkmen bedewleriniň gadymy mekanynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň ýurdumyzda we dünýäde atçylygyň ösdürilmeginde, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrebap ýola goýulmagynda möhüm ähmiýeti bar. Diýarymyzda atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi bolsa atçylygy ylmy esasda öwrenmäge uly mümkinçilik berýär.

Berkarar Watanymyzyň atşynaslary tarapyndan bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny yzygiderli artdyrmak, gamyşgulak atlarymyzyň şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmak, netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatda zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly atşynaslar!

Türkmen atşynaslygyny sungat derejesine ýetiren pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzündäki tohum atlaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr we köňül buýsanjydyr.

Şan-şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewlerini milli seçgiçilik esasynda kemala getiren ata-babalarymyz bu ugurda özleriniň ussatlyklaryny görkezip, nusgalyk işleri bitiripdirler. Ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Munuň özi atlaryň halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini görkezýär. Çünki ganatly bedewlerimiz keremli topragymyzyň keramatydyr, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygymyzdyr.

Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow