Gaýtadan işleýän senagatyň beýleki ulgam dörediş pudaklarynda bolşy ýaly, himiýa senagatyna hem milli ykdysadyýeti çig mala esaslanmaýan ösüş ýoluna geçirmek boýunça meseleleriň çözgüdini tapmakda, täze pudaklaryň kemala gelmeginde, dürli görnüşli hem-de bäsdeşlige ukyply daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, içeriki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hem-de daşarky bazarlarda giň islege eýe bolan eksporta ugrukdyrylan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynda uly orun degişlidir. Barha uly ösüşe eýe bolýan oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin ýokary hilli mineral dökünleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak himiýa senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Uglewodorod we kükürt wodorod çig malynyň örän baý gorlary, pudakda iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ony gaýtadan işlemegiň we taýýar önümi çykarmagyň usulyýetleriniň peýdalanylmagy önümleriň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bu pudakda azot önümlerini öndürýän kuwwatly kärhanalaryň birnäçesi – “Maryazot” önümçilik birleşigi, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlary, şeýle hem her ýylda 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürmäge ukyply Mary şäherindäki, 2014-nji ýylda ulanmaga berlen gazhimiýa toplumy üstünlikli işleýärler. Jemi öndürilýän dökünleriň möçberi Türkmenistanda obasenagat toplumynyň azot önümlerine bolan isleglerini doly derejede kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýylda 450 müň tonna çenli möçberde dökünleri eksport etmäge mümkinçilik döredi. Ýene-de bir innowasiýa häsiýetli gazhimiýa toplumynyň gurluşygy boýunça çözgüdiň kabul edilmegi bu önümleriň möçberlerini has-da artdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy, häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde bu toplumyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Sebitde örän iri maýa goýum taslamasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar--«Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasy we «Gap Inşaat» (Türkiýe) gurluşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu iň häzirki zaman kärhanasynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýalary ornaşdyrylar. Mysal üçin, Daniýanyň «Haldor Topse AS» kompaniýasynyň işläp taýýarlamalary her gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndürmäge mümkinçilik berýär, bu önüm karbamid önümçiliginde çig mal hökmünde peýdalanylar. Tutuşlygyna bu ýerde bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndüriler. Olary deňiz üsti bilen eksporta iberip bolar, şunuň bilen baglylykda, Garabogaz şäherinde iri portuň gurluşygyna girişildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda öndürilýän karbamidiň möçberleri 2 million tonnadan geçer. Karbamid has baýlaşdyrylan gaty azot döküni bolup, onuň düzüminiň 45-46 göterimini azot tutýar. Şeýle hem bu himiýa önümi lukmançylykda melamin, karbamidoformaldegid şepbikleri we beýleki önümleri öndürmek üçin peýdalanylýar. Öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary häzirden bu önümi satyn almaga gyzyklanma bildirýärler. Geçen ýyl Türkmenabadyň himiýa toplumynyň binýadynda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmek boýunça önümçilik bölüminiň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzda bu pudagyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Bu kärhana ýurdumyzda fosfor dökünlerini öndürýän ýeke-täk desgadyr. Kükürt kislotasy ösümlikler üçin mineral dökünleriniň bu görnüşiniň önümçiliginde örän möhüm düzüm bolup durýandygy sebäpli bu önümçiligiň mümkinçilikleri uludyr hem-de ol düşewüntlidir. Önümçilik bölüminiň taslama kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň içerki zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak üçin däl-de, ýokary hilli önümi eksport etmäge hem mümkinçilik berýär. Kükürt kislotasy şeýle hem metallurgiýa pudagynda magdany gaýtadan işlemekde, nebit önümlerini arassalamagyň tehnologiýasynda peýdalanylýar. Ol şeýle hem reňkleri, plasmassalary, himikatlary, lukmançylyk önümlerini we ýuwujy serişdeleri öndürmekde zerur bolup durýar, gurşun akkumulýatorlarynda elektrolit hökmünde peýdalanylýar. Ýakyn wagtlarda Türkmenabat himiýa zawodynyň özünde hem kükürt kislotasyna bolan isleg ep-esli artar, sebäbi bu kärhanany ösdürmegiň meýilnamalarynda kuwwaty her ýylda 300 müň tonna baýlaşdyrylan ýokary hilli fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Mineral dökünleriniň düzümleriniň baýlaşdyrylan görnüşleriniň önümçilikleriniň ýola goýulmagy himiýa pudagynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Hytaý, ABŞ, Russiýa, Kanada dünýäde mineral serişdelerini iň köp öndürýän ýurtlardyr. Hytaý esasan azot dökünlerini, ABŞ we Russiýa fofsor, Kanada, Russiýa, Belarus kaliý dökünlerini öndürýärler. Şunda dünýä önümçiliginde azot dökünleri has uly möçberlere (64 göterim) eýedir. Ondan soňra fosfor (19 göterim), kaliý (takmynan 17 göterim) önümçilikleriniň paýy uludyr. Emma kaliý dökünleri bu ulgamda eksport haryt dolanyşygynyň 80 göterimini tutýar. Mineral dökünleriniň halkara söwdasynyň we olary öndürmek üçin çig mallaryň söwdasynyň möçberleriniň her ýylda artýandygyny bellemek gerek. Möçberleri boýunça hem-de maýa goýum taslamasynyň ähmiýeti boýunça görülip-eşidilmedik taslamanyň – Türkmenistanda ilkinji we Merkezi Aziýada iň iri Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk käninde duz ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzda hem kaliý dökünlerini öndürmäge mümkinçilik döredi. Geljekde toplumyň ýyllyk kuwwatyny dünýä bazarynda uly islege eýe bolan kaliý dökünleriniň 4 million tonnasyny öndürmäge çenli artdyrmak göz öňünde tutulýandygy hasaba alnanda bu ýatagyň gorlarynyň 2 milliard tonnadan hem köpdügi toplumyň uzak ýyllaryň dowamynda durnukly işlemeginiň ygtybarly kepilidir. Türkmenistan daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär, şundan ugur alnyp, taslama dürmuşa geçirilende hem-de önümçilik guralanda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berildi. Tutuşlygyna, bu himiýa önümçiliginiň ulanmaga berilmegi diňe bir ýurodumyzyň oba hojalyk pudagynyň kaliý dökünlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga däl-de, eýsem, onuň aglaba bölegini (ýylda 1,2 million tonnadan gowrak) eksport etmäge mümkinçilik berer. Eksportuň esasy ugurlary Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarydyr. Olaryň hatarynda mineral dökünleriň bu görnüşini has köp satyn alýan Hytaý we Hindistan bar. Köýtendag etrabynda birnäçe ýataklaryň, şol sanda kükürt, fosfat, daş duzunyň hem-de beýleki peýdaly serişdeleriň känleriniň birnäçesiniň açylandygyny bellemek gerek, olar himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Uglewodorod serişdelerini çuňňur gaýtadan işlemegiň iň täze tehnologiýalary esasynda gahzhimiýa pudagynda ýene-de bir ýokary hilli önümçiligi özleşdirmek wezipesi öňde dürýar. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde bina edilýän toplumda dünýäde uly islege eýe bolan owradylan polipropileniň 81 müň tonnasyny we polietileniň 386 müň tonnasyny öndürmek üçin 5 milliard kub metr tebigy gazy tapgyrlaýyn gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Sintetik polimerleşdirmegiň iki önümi hem dürli önümleri öndürmekde örän süýgeşikligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi ýakyn gelejekde Gyýanlyda tehnologiýa taýdan biri-biri bilen baglanyşykly bolan täze senagat kärhanalarynyň gurulmagyna garaşmak boljakdygyny görkezýär. Daşary ýurtly işewürler bilen geçirilen gepleşiklerde gymmatly himiki düzümleriň baý çeşmesi bolan Garabogazköl aýlagynyň gidromineral serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmek, sulfat natriniň we dürli himiki önümleriň öndürilmegini ýola goýmak, taslamalaryň amala aşyrylmagyna dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak meselelerine hem uly orun berildi. Garabogaz köli sulfat natriniň we beýleki gymmatly duz minerallarynyň kristallaşmagy tebigy şertlerde we senagat derejesinde bolup geçýän dünýädäki az sanly künjekleriň biridir. Kükürt turşy natrini (natriý sulfaty), magnini (epsomit) we hlorly magnini (bişofit) öndürýän “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi bu ýerdäki baý käni özleşdirmek işlerini alyp barýar. “Altynly asty” ýurdumyzyň sulfat senagatynyň çig mal binýady bolup durýan bu aýlagyň kenaryndaky Garabogaz şäherinde ýene bir zawodyň gurulmagy Türkmenistany ösen senagat ýurduna öwürmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň pudaklaýyn kärhanasy bolan “Guwlyduzuň” binýadynda ýylda 40 müň tonna ýodlaşdyrylan azyk duzuny we 2 müň 500 tonna tabletka görnüşli tenhiki duzy öndürmek boýunça bölümiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny hem bellemek gerek. Türkmenbaşy etrabyndaky Guwly kölüniň tebigy känleri bu önümçiligiň çig mal binýady bolup durýar. Bu ýerde duzuň gory egsilmezdir. Täze senagat kärhanasynyň işe girizilmegi pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösmegine itergi berer. Şeýlelikde, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň tutuş senagatynyň ösüşine täze many-mazmun berer, onuň hil taýdan çalt depginli ösüşini üpjün eder, önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. Munuň özi köp ugurlar boýunça daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine ýardam eder hem-de harytlary ýerlemek baradaky tekliplerimizi düýpli giňeldip we gowulandyryp, daşarky bazara çykmaga mümkinçilik döreder. Iň esasy zat bolsa bu önümçiliklerde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy milli ösüş maksatnamalarynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň senagatlaşdyrmagyň ýolundan okgunly öňe gitmegini üpjün eder. “Türkmen topragynyň ähli baýlygy halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşamagyna hyzmat etmelidir”-hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň senagat we ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýän bu ýörelge diňe bir ýurdumyza däl, eýsem, hyzmatdaşlyk edýän döwletlerimize hem uly peýda getirip, yzygiderli durmuşa geçirilýär.