Türkmen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar: olar 1 million 400 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýy ýygnap, döwlet tabşyryklaryny ýerine ýetirdiler. Orak möwsüminiň netijeleri ekerançylaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşandy hem-de şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine mynasyp sowgady boldy. Daýhanlarymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza oba hojalygyny ösdürmek barada edýän atalyk aladasy, gallaçylaryň tutanýerli zähmet çekmegi babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şu ýyl ýurdumyzda 690 müň gektarda bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilen ýokary hasylly görnüşleri, hususan-da, «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap». «Ýöleten-1», «Ýöleten-3», «Türkmenbaşy-1», «Gyzylşaglawuk-25», «Miras», «Akbaş», «Ýubileýnaýa-100», «Batko», şeýle hem «Wassa» görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi. 2020-nji ýylyň galla oragynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin satyn alnan «John Deere», «CLAAS», «Case», «New Holland» kompaniýalarynyň 2 müň 200-den gowrak galla orýan kombaýnlary işledildi. Dürli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük awtoulaglarynyň 11 müňden gowragy bugdaýy ammarlara we elewatorlara daşadylar. Möwsümde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi hyzmat edip, zerur zatlar — ýangyç, çalgy ýaglary, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etdiler. Meýdan düşelgelerinde mehanizatorlar, sürüjiler hem-de galla oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin has amatly şertler döredildi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda guraldy. Ähli toparlaryň sazlaşykly işlemegi galla oragynda guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna ýardam etdi. Ýurdumyzda ilkinjiler bolup, Ahal welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny taýýarladylar. Daşoguz welaýatynyň gallaçylary hem galla oragyny ýokary depginde geçirip, Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 265 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Lebap welaýatynyň ekerançylary saýlama bugdaýyň 310 müň tonnadan gowragyny, Mary welaýatynyň daýhanlary 345 müň tonnadan gowragyny, Balkan welaýatynyň kärendeçi-gallaçylary bolsa ak bugdaýyň 80 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. Oba hojalygynyň okgunly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň hasabyna obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalyk ulgamyndaky özgertmeleriň çäklerinde, obasenagat toplumyny dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, obada bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen anyk çäreler görülýär. Pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, şol sanda häzirkizaman oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň, elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünlerini öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly maýa serişdeleri gönükdirilýär. Innowasion esasda obasenagat toplumyny inžener-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalar satyn alynýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Olar ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köp asyrlyk tejribesi bilen birlikde, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup durýar. Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, bugdaýyň satyn alnyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olaryň tehniki hyzmatlar, tohumlar, mineral serişdeleri, ekinleri goramak serişdeleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilmegi babatdaky maliýe-ykdysady çäreleri guwandyryjy netijeleri berip, daýhanlaryň zähmetiň ahyrky netijesine gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanýar. Olaryň maddy abadançylygy has-da ýokarlanýar. Obalylaryň durmuş derejesi şäherlileriň derejesine barha ýakynlaşýar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň ilkinji günlerinde welaýatlaryň her birine iş saparlaryny amala aşyryp, sebitlerde galla oragynyň barşy, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, oba ýerlerinde döwrebap durmuşy kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 29-njy iýunda geçirilen giňişleýin mejlisinde bu meselä degip geçmek bilen, döwletimiziň ýakyndan kömek we goldaw bermegi netijesinde, ekerançylaryň ýokary görkezijileri gazanýandyklaryny belledi. Ýerlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, gök we bakja önümleriniň bol hasyly ýetişdirildi. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, tolkunyp duran altynsow ak bugdaýly meýdanlary synlanyňda, rysgal-berekediň nyşany bolup, kalbyňda ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi ykbalyny ene topraga baglan jepakeş daýhanlarymyzyň yhlasynyň miwesidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Gallany öz eliň ýa-da kombaýn bilen oraňda bolsa, aýratyn ýakymly duýgulary başdan geçirýärsiň. Sebäbi çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşi hem hasaplanylýar. Arzyly myhman ýönelige duz-çörek bilen garşylanmaýar. Ýakyn adamyň uzak ýola çöreksiz ugradylmaýar diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtady. Munuň özi halkymyzyň asylly dessurlarydyr, asyrlardan gözbaş alýan däpleridir. Bu däpler häzirki döwürde diňe bir dowam etdirilmän, eýsem, täze many-mazmun bilen hem baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda bugdaý ýetişdirip, «ak bugdaýyň» täsin görnüşini bütin dünýä peşgeş beripdir. Bu gün hem oba ýaşaýjylary galla ýetişdirmek üçin tutanýerli zähmet çekmegiň zerurdygyny bilýärler. Bereketli hasyl her bir gallaçy üçin ussatlygyň hakyky mekdebidir. Ene toprakda halal zähmet çekmek bilen bolelinligi döredýän, şahsy görelde görkezýän adamlaryň sany barha artýar. Oba zähmetkeşleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Olar galla ýygnalan meýdanlary täze ekiş möwsümine taýýarlaýarlar. Indi birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan öndürilen azyklyk gallanyň bir bölegini daşary ýurtlara ibermek mümkinçiligine eýedir. Munuň özi döwletiň okgunly ösüşi babatda uly ähmiýete eýedir. Umuman, bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.