Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Çap edildi 01.09.2025
2383

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ilki bilen, Size mähirli salamymy beýan edýärin we iýul aýynda Siziň Azerbaýjana amala aşyran saparyňyzy hem-de hoşniýetlilik, özara düşünişmek, ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygymy bellemek isleýärin. 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurduňyzyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyna dünýä bileleşigi tarapyndan berlen ýokary bahanyň güwäsidir. Şunuň bilen birlikde, bu çäräniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmegi aýratyn ähmiýete eýe. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilmegi ýurduňyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyran we onuň okgunly ösüşine itergi beren taryhy ähmiýetli üstünlik boldy.

Mälim bolşy ýaly, Azerbaýjan doganlyk ýurt hökmünde hemişe Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hormat goýýar. Şoňa görä-de, Azerbaýjan Respublikasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegi tötänden däldir. Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forumyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, gapma-garşylyklary aradan aýyrmaga, umuman, BMG-niň maksatlaryny durmuşa geçirmäge möhüm goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn. Forumyň işine üstünlik arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow