Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky GUTLAG SÖZI
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky GUTLAG SÖZI
Çap edildi 01.09.2025
67

Eziz watandaşlar!

Hormatly mugallymlar we talyplar!

Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir güni täze taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ine, şu gün hem biz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Men sizi hem-de mähriban halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşjak bu täze bilim ojagynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr.

Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Okan il ozar...», «Bir — okana, bir — dokana» diýen parasatly sözleri bar. Biz bu pähimlerden ugur alyp, ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirýäris. Berkarar döwletimiziň nurana geljegi şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi we terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň beýik işlerimizi üstünlikli dowam etdirmek ýaşlaryň paýyna düşýär.

Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, zähmetsöýer, arassa ahlakly, eziz Watanymyza wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Şoňa görä, Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Biz bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň belli ylym-bilim merkezleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys. Ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ylym-bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki halkara taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Şu gün dabaraly açyp ulanmaga berýän täze ýokary okuw mekdebimiziň hem ylym-bilim ulgamynda alyp barýan halkara hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmäge, ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty üçin 2 müň talyba niýetlenen goşmaça döwrebap okuw binalar toplumy we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy hem ulanmaga berler. Şeýle hem şu okuw ýylynda Aşgabat şäherinde, welaýatlarda köp sanly täze orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly ýagdaýda açylar. Ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin 1-nji synpa gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berler.

Bilim we ylym adamy belent derejelere çykarýar. Şonuň üçin hem biz ýaşlary döwrebap bilim almaga, düşünjelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga höweslendirmelidiris.

Hormatly adamlar!

Ykdysadyýetiň hususy pudagyny goldamak we ösdürmek biziň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Garaşsyz ýurdumyzda hususy pudaga hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçilik işi yzygiderli ösdürilýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, 2010-njy ýylda telekeçileriň «Rysgal» gazetiniň, 2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi Diýarymyzda hususy pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 2011-nji we 2014-nji ýyllarda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binalary hem gurlup ulanmaga berildi.

Ilkibaşda türkmen telekeçileriniň ýöredýän kärhanalary kuwwatlylygy kiçiräk, ýönekeýje kärhanalardy. Döwletimiziň berýän hemaýat-goldawlaryny netijeli peýdalanyp, bu günki gün şol kiçi kärhanalar uly kuwwatly önümçilige öwrüldi. Olar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Ýurdumyzda şeýle kuwwatly kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar. Olar ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiligini görkezýän Arkadag şäheriniň gurluşygyna hem birleşmäniň agzalary mynasyp goşant goşýarlar. «Akylly» şäheriň birinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada golaý bolan 120 sany desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem ýerine ýetirdiler. Häzirki günde bu döwrebap ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Umuman, birleşme döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary tarapyndan 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. 425 müňe golaý iş orny döredildi. Munuň özi «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn hazynasydyr» şygarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler esasynda hereket edýän hususy kärhanalar alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýärler. Olar innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurýarlar we döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döredýärler. Hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem içerki bazary azyk önümleri we halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň artýan möçberini dünýäniň 50-den gowrak ýurduna eksport edýärler.

Ine, bu gün bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz ýokary okuw mekdebini açýar. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmeginiň ýurdumyzda telekeçilik, işewürlik işini ösdürmekde hem-de ony has-da kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek isleýärin.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Täze bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Bu ýerde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.

Uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilendir. Ýakyn geljekde bu ýere sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň çagyrylmagy bilim bermegiň hilini halkara derejä çykarmaga ýardam eder.

Hormatly adamlar!

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmek ýolunda möhüm ädimdir. Şoňa görä-de, bu döwrebap uniwersitetde bilim aljak ýaşlarymyzyň ýakyn geljekde ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly professor-mugallymlar!

Gadyrly talyplar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, okuwda, işde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
01.09
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky GUTLAG SÖZI
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
01.09
Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow