Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.
“ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak “ŞHG+” formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we “ŞHG+” formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.
Şu gün guramanyň sammitiniň “ŞHG+” formatyndaky mejlisiniň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpin täze halkara ähmiýetli teklip — Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Biz bu başlangyjy goldaýarys hem-de hytaýly kärdeşlerimiz bilen ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işlemäge taýýardygymyzy beýan edýäris.
ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklaryň, çylşyrymly meseleleri çözmegiň binýady hökmünde syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna, biziň Bitaraplygymyza, halkara başlangyçlarymyza hemişe oňyn garaýandygyny nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar. Men bu gün taryhy wakanyň — şu ýylyň 12-nji dekabrynda belleniljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn minnetdarlyk bilen aýdýaryn. Biz Aşgabatda geçiriljek dabaralarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýdyp, ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Ägirt uly serişde binýady, geografik taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi — bularyň ählisi ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, ŞHG-niň giňişliginde we Türkmenistanyň çäginde yklym, geljekde bolsa ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri döretmäge ýardam berýär diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň hyzmatdaşlygynyň dürli formatlarynyň we nusgalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstüni ýetirmäge hem-de baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygy uzak möhletli, özara bähbitli esasda giňeltmäge, iri sebit we halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge ukyplydygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz ulag ugruna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys. Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň we ŞHG-niň gatnaşmagynda has ýakyn özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, Türkmenistanyň we ŞHG-niň obýektiw artykmaçlyklaryny, özara bähbitlerini, ählumumy geoykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyny nazara almak bilen, ulag strategiýalarynyň utgaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu babatda Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlaryny aýratyn belledi. Biz gurama hökmünde ŞHG-niň hem-de Türkmenistanyň bu ugurda bähbitleriniň gabat gelýändiginden, onuň özara gabat gelmegiň ýokary derejesine eýediginden ugur alýarys. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna doly derejede çykmak, Ýewraziýa geoykdysady giňişliginde uzak möhletli we güýçli ornumyzy pugtalandyrmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde garaýarys. Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda amatly we gysga ugur hökmünde Hazar deňziniň ähmiýetiniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we ŞHG-ä agza birnäçe döwletleriň bu foruma iň ýokary derejede gatnaşandygyny aýdyp, munuň üçin olara ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu mowzugyň gatnaşyklaryň şu formatynda hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, ýurdumyzyň bu köpugurly we kuwwatly terminalyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady.
Deňizüsti ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn. Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyz hyzmatdaşlar bilen bilelikde Owganystana uzaýan demir ýollary gurmak başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle hem başga-da giň möçberli başlangyçlarymyz bar. Demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamak ulgamynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri görýäris we bu babatda öz tekliplerimizi tanyşdyrmaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamynda Türkmenistanyň häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýändigini belläp, gurama täze giň möçberli taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etdi.
Energetika ulgamynda has ýakyn hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr. Biz häzirki wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys. Umuman, elektroenergetika pudagyna ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we senagat kooperasiýasyny tagallalary birleşdirmek üçin ugurlaryň ýene biri hökmünde görkezdi. Ýurtlarymyzyň okgunly ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň senagat kooperasiýasy strategiýasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Men öz çykyşymyň başynda ynsanperwer ulgamy agzap geçdim. Taryhy tejribe, gymmatlyklaryň ýakynlygy, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylyk, tüýs ýürekden hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň binýadydyr, aýawly saklaýan we artdyrýan umumy baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, medeni, ylym, bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hemişe aýratyn ähmiýete eýe bolar. Bu gatnaşyklaryň zerurdygyna we ähmiýetlidigine berk ynanýarys.
Şu günki ýokary döwlet derejesindäki duşuşyga Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde garaýar. Türkmenistan umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi hem-de şu iri sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin hormatly Prezidentimize çakylygy kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we döwlet Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.