Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek bu baýramçylygyň eziz Watanymyza buýsanjyňy joşdurýan şanly seneleriň biri hökmünde mekdep okuwçylarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mugallymlarymyzyň, ähli merdana halkymyzyň kalbynda hemişelik orun aljakdygyna berk ynanýaryn.
Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, bu gün milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip, täze döwrümiziň kuwwatly binýadyny tutýarys.
Milli maksatnamalarymyzy, konsepsiýalarymyzy we strategiýalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň sanyny artdyrýarys, milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda bilim işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrýarys. Daşary syýasy strategiýamyzyň möhüm bölegi hökmünde abraýly halkara guramalar, daşary ýurt döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirip, bilim babatda gazananlarymyzy dünýä ýaýýarys. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrmakda, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ýolundaky maksatlarymyzy durmuşa geçirmekde mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň uly paýy bardyr. Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, yhlasly okamak, hünär öwrenmek, halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanyp, Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.
Ýaşlar biziň abraýymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Siziň her biriňiz türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg, Salyr Gazan, Soltan Jelaleddin ýaly merdana pederlerimiziň watançylyk we ynsanperwerlik taglymatlaryndan, astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil bilimi ýaly ylymlaryň esasy ugurlary boýunça belent derejelere ýeten ýüzlerçe alymlarymyzdyr söz ussatlarymyzyň döredijilik ylhamyndan ruhlanyp, beýik açyşlaryňyz, oýlap tapyşlaryňyz, döredijilik eserleriňiz we zähmetiňiz bilen ata Watanymyza, halkymyza wepaly hyzmat etmelisiňiz.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmeti biziň bilim ulgamynda amala aşyrýan üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, watansöýüji nesli terbiýelemekde, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň aýratyn hyzmaty bardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary täze eýýamyň paýhas esasy hem-de terbiýe mekdebiniň binýadydyr. Şoňa görä-de, bu nusgalyk terbiýe mekdebiniň ýörelgelerine eýerip, şeýle hem milli we öňdebaryjy tejribeler esasynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna gujur-gaýratly, yhlasly, ak ýürekden halal zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.