Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim işini dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly şertlerde has-da kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Telekeçiler bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüdir. Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda gysga döwrüň içinde ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge ukyply işewürler jemgyýeti kemala geldi. Telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barmak bilen, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Hususy işewürleriň döwletimiziň jemi içerki önüminiň ösüşinde hem mynasyp paýy bar. Olar “Türkmenistanda öndürildi” diýen milli nyşanly harytlaryň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyryp, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da berkidýärler. Şu ýyl jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Munuň özi Diýarymyzda telekeçiligi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy hem hususy işewürligi ösdürmek, ýokary bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda täze möhüm sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy. Halkara uniwersitet ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 27-nji iýunynda gol çeken Permany esasynda döredildi. Ýokary bilimiň hususylaşdyrylmagy bilim edarasyna okuw, ylmy-önümçilik işini dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanyp özbaşdak guramakda, okuw maksatnamalaryny döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde giň mümkinçilikleri açýar. Paýtagtymyzda açylan täze uniwersitet Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik toplumlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, milli bilim ulgamyna halkara tejribeleriň ornaşdyrylmagynda nobatdaky ädim bolar.
...Irden Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, işewürler bileleşiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halk köpçüligi we talyplar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dabara gatnaşyjylary mübärekläp, Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyzyň her bir gününiň täze taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýändigini aýdyp, şu gün hem Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini belledi hem-de dabara gatnaşyjylary we halkymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni, gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşjak bu täze bilim ojagynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Okan il ozar...», «Bir — okana, bir — dokana» diýen parasatly sözleriniň bardygyny, bu pähimlerden ugur alyp, ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de berkarar döwletimiziň nurana geljeginiň şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi, terbiýesi bilen aýrylmaz baglydygyna, häzirki wagtda alnyp barylýan beýik işleri üstünlikli dowam etmegiň ýaşlaryň paýyna düşýändigine ünsi çekdi.
Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, zähmetsöýer, arassa ahlakly, eziz Watanymyza wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Şoňa görä, Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ylmyň iň soňky gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, dünýä ýurtlarynyň belli ylym-bilim merkezleri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklanylýandygyny, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ylym-bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki halkara taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz şu gün dabaraly açylyp ulanmaga berilýän täze ýokary okuw mekdebiniň hem ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge, ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty üçin 2 müň talyba niýetlenen goşmaça döwrebap okuw binalar toplumynyň we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň hem ulanmaga beriljekdigini, şu okuw ýylynda Aşgabat şäherinde, welaýatlarda köp sanly täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygyny belledi hem-de ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin 1-nji synpa gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat beriljekdigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetiň hususy pudagyny goldamak we ösdürmek biziň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Garaşsyz ýurdumyzda hususy pudaga hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçilik işi yzygiderli ösdürilýär. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, 2010-njy ýylda telekeçileriň «Rysgal» gazetiniň, 2011-nji ýylda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi Diýarymyzda hususy pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 2011-nji we 2014-nji ýyllarda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binalary hem gurlup ulanmaga berildi.
Ilkibaşda türkmen telekeçileriniň ýöredýän kärhanalary kuwwatlylygy kiçiräk, ýönekeýje kärhanalardy. Döwletimiziň berýän hemaýat-goldawlaryny netijeli peýdalanyp, bu günki gün şol kiçi kärhanalar uly kuwwatly önümçilige öwrüldi. Olar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Ýurdumyzda şeýle kuwwatly kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar. Olar ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýarlar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiligini görkezýän Arkadag şäheriniň gurluşygyna hem birleşmäniň agzalary mynasyp goşant goşýarlar diýip, Milli Liderimiz çykyşynda belledi we käbir maglumatlara ýüzlendi: «akylly» şäheriň birinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada golaý bolan 120 sany desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem alyp barýarlar. Häzirki günde bu döwrebap ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary tarapyndan bahasy 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, 425 müňe golaý iş orunlarynyň döredilendigini aýtdy. Munuň özi «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» şygarynyň durmuş hakykatyna öwrülýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda Türkmenistany senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler esasynda hereket edýän hususy kärhanalar alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýärler. Olar innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan häzirki zaman kärhanalaryny gurýarlar we döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döredýärler. Hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Şeýle hem içerki bazary azyk önümleri we halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň artýan möçberini dünýäniň 50-den gowrak ýurduna eksport edýärler. Ine, bu gün bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz ýokary okuw mekdebini açýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmeginiň ýurdumyzda telekeçilik, işewürlik işini ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.
Täze bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Bu ýerde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini, ýakyn geljekde bu ýere sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň çagyrylmagynyň bilim bermegiň hilini halkara derejä çykarmaga ýardam etjekdigini belledi.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek ýolunda möhüm ädimdir. Şoňa görä-de, bu döwrebap uniwersitetde bilim aljak ýaşlarymyzyň ýakyn geljekde ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de hemmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetdi: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi.
Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň baş binasynyň eýwanyndaky diwarlaryň ýüzünde mozaika görnüşinde ýerine ýetirilen, gadymyýetde söwda eden türkmen täjirlerini şekillendirýän, häzirki döwürde telekeçileriň dürli ugurlarda, şol sanda ylymda, bilimde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda ýeten sepgitlerini beýan edýän surat eserini synlady. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragy taryhyň iň irki döwürlerinde senetçiligiň, ekerançylygyň, söwda gatnaşyklarynyň ösen merkezi bolupdyr. Gündogardan Günbatara uzaýan kerwen ýollarynyň üsti bilen täjirler dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklaryny, ylmyň gazananlaryny ýurdumyza getiripdirler. Bu ýerden bolsa ussat senetçiler, zergärler tarapyndan taýýarlanylan önümler, nepis el halylary uly isleg bildirilýän gymmatly baýlyk hökmünde dünýäniň çar künjegine iberilipdir. Bu gadymy ýoluň taryhy ähmiýeti, onuň türkmen halkynyň durmuşyna ýetiren täsiri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly iki jiltden ybarat eserinde giňişleýin beýan edilýär.
Ata-babalarymyzyň senetçilik, täjirçilik däplerini häzirki zaman usullarynda ösdürýän türkmen telekeçileri öndürilýän önümleriň görnüşlerini yzygiderli artdyryp, bu gün dünýäniň önümçilik we söwda ulgamyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwürde olaryň hödürleýän önümleri we hyzmatlary diňe bir içerki bazary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşary döwletleriň sarp edijileriniň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Uniwersitetiň eýwanynda ýurdumyzyň hususy işewürleriniň üstünlikleriniň subutnamasy bolan diplomlar we güwänamalar ýerleşdirilipdir. Açylyp ulanmaga berilýän ýokary okuw mekdebi hususy pudagyň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak bilen, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge, täzeçil, toplumlaýyn işewürlik başlangyçlaryny işläp düzmäge hem-de durmuşa geçirmäge ukyply, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşýan ýaş nesli kemala getirmekde esasy merkezleriň biri bolar.
Soňra bu ýerde ýörite gurnalan monitorda uniwersitetiň desgalary, olarda göz öňünde tutulan mümkinçilikler, okuw ugurlary bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda girişildi. Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň desgalarynyň gurluşygy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ýerde talyplaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder. Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.
Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar. Okuwlar, hususan-da, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet çekýän ussat işewürleriň talyplara bilim bermekleri, sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri göz öňünde tutular. Munuň özi ýokary telekeçilik mekdebinde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem ýardam eder.
Täze bilim ojagynda okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, talyplar okuwa kabul edilende belli bir taýýarlyk ugruna, ýagny hünäre kabul edilmän, eýsem, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna kabul edilýär. Bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlary bir wagtda taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň üçin talyplar, ilki bilen, bir ýyllap türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygyny geçerler. Soňra birinji okuw ýylynyň dowamynda bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýan bilim ulgamynyň ulaldylan toparlaryna degişli hökmany we umumy dersler boýunça bilim alarlar. Şeýlelikde, talyplar birinji okuw ýylynyň ahyrynda öz isleglerine görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli ugruny saýlap bilerler. Ikinji okuw ýylyndan olar saýlan taýýarlyk ugruna degişli ýörite we saýlama dersler boýunça bilim alarlar. Şunlukda, talyplar ikinji, üçünji, dördünji okuw ýyllarynda taýýarlygyň belli bir ugruna ýöriteleşip, üçünji okuw ýylynyň ahyrynda ýyllyk ylmy işini, dördünji okuw ýylynyň ahyrynda önümçilige gönükdirilen diplom işini ýazyp, ony döwlet synag toparynyň öňünde goramak bilen, öz saýlan hünär ugry boýunça bakalawr bilim derejesini alarlar. Uniwersitetde okuwlaryň, esasan, amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşde alnyp barylmagy ýurdumyzyň senagat önümçiligi pudagyndaky meseleleriň öwrenilmegine hem-de oňyn çözülmegine, akademiki bilimiň, tejribäniň utgaşdyrylmagyna, ylym-bilimiň senagat hem-de zähmet bazary bilen arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw mekdebiniň barlag-tejribehana otaglaryna baryp, olarda döredilen şertler we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň halkara maliýe we birža barlag-tejribehana otagyna bardy. Täze uniwersitetiň mugallymy Milli Liderimizi mübärekläp, şu günki tejribe sapagynda dürli görnüşli maliýe amallarynyň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, gymmatly kagyzlar bazarynda biržalar esasy orny eýeleýär. Şol pursatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Aşgabat gazna biržasynda hasaba alnan ýuridik taraplaryň gymmatly kagyzlary barada maglumatlar, dünýäniň ösen döwletleriniň gazna biržalarynyň hereketi hakyky wagt tertibinde görkezildi. Talyplaryň tejribehanadaky kompýuterler arkaly birža gatnaşyjysy hökmünde öwrediji hasabyň üsti bilen gazna biržalarynyň maglumatlaryny öwrenmäge, seljermäge we amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilikleri bar.
Halk Maslahatynyň Başlygy dünýä biržalarynyň häzirki ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň ýurdumyzyň gazna bazaryny ösdürmäge uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Uniwersitetiň mugallymy özleri barada edilýän alada üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri uniwersitetiň ilkinji talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlary bilen gyzyklandy. Uniwersitetiň talyby okamak we bilim almak üçin ýurdumyzda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de öz saýlap alan ugry boýunça ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmek ugrunda ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda bank we birža edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, ulgama häzirki zaman iş usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şundan ugur alyp, ugurdaş edaralar öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek bilen, sanly ulgam arkaly hödürleýän hyzmatlarynyň gerimini barha giňeldýärler. Bu ýerde maliýe we birža edaralarynyň işleriniň guralyşy, olary sanly tehnologiýalar esasynda ösdürmegiň ugurlary görkezme esbaplaryň, şekilleriň üsti bilen çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary emeli aň, maglumat we blokçeýn tehnologiýalary boýunça taýýarlamak baradaky görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. Şeýle maksatnamalar bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem sanly maliýe we birža bazarynyň häzirki zaman ýörelgelerini milli tejribä ornaşdyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak işine goşant goşar.
Soňra hormatly Arkadagymyz uniwersitetiň ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy barlag-tejribehana otagyna bardy. Uniwersitetiň mugallymy Milli Liderimizi bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ekinleriň ýokary hasyl berýän, toprak-howa şertlerine durnukly görnüşlerini synagdan geçirmek, olary has-da kämilleşdirmek üçin barlaglary alyp barmaga ähli mümkinçilikler bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn, ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý ekerançylyk tejribesi bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar. Mugallym döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen uniwersiteti gurduryp berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanda ekerançylygy täzeçil esasda ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze sortlarynyň döredilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Arkadagymyz bu otagda döredilen şertleriň ýokary derejeli seçgiçi hünärmenleriň ýetişdirilmeginde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi we talyplara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze uniwersitetiň gurluşyk materiallary we konstruksiýalary barlag-tejribehana otagynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde uniwersitetiň mugallymy gurluşyk gurnamalarynyň we serişdeleriniň hil barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýän enjamlaryň, hususan-da, Italiýanyň “Sara” kompaniýasynyň seýsmiki signallary we ýertitremeleri, geofiziki maglumatlary ýygnamaga we ýazga almaga, seljermäge niýetlenen seýsmograf enjamynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, şeýle enjamlar arkaly geçirilýän tejribeler talyplaryň nazary bilimlerini has-da ösdürýär. Munuň özi işine ussat gurluşykçylary, binagärleri taýýarlamagyň möhüm şertidir.
Soňra barlaghana otagynda uniwersitetiň talyby Gahryman Arkadagymyzy Italiýanyň “IDS” kompaniýasynyň enjamy bilen tanyşdyrdy. Nygtalyşy ýaly, bu enjam beton gurluşyklaryny barlamak, turbalary we kabelleri tapmak, betonyň galyňlygyny ölçemek üçin ulanylýar. Şeýle-de enjam betonyň içindäki boşluklary we zeperleri anyklamak bilen, gurluş bitewüligini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu enjam diwaryň içindäki näsazlyklary, çat açmalary 3D görnüşinde görmek üçin niýetlenendir.
Uniwersitetiň talyby ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Gahryman Arkadagymyza talyplaryň özleşdiren bilimlerini tejribede berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ýaşlaryň gurluşyk we seýsmologiýa ugry boýunça alan bilimlerini has-da kämilleşdirmek üçin ony gurluşyk meýdançalarynda dowam etmelidigine ünsi çekdi we bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Iňlis dili otagynda talyplaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döwrebap tehnologiýalar we lingafon enjamlar, kompýuterler ornaşdyrylandyr. Häzirki döwürde iňlis dili halkara işewürligiň dili hökmünde dünýäde öz ornuny barha berkidýär. Tehnologik we maglumat ulgamynyň ösüşi bu diliň ähmiýetiniň artmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde çagalaryň we ýaşlaryň dünýä dillerini özleşdirmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn çäreler görülýär. Ýokary okuw mekdebine kabul edilen ýaşlaryň ilkinji okuw ýylynda türkmen we iňlis dilleri boýunça taýýarlyk okuwlaryny geçmegi hem olaryň geljekki okuw ýyllaryny üstünlikli dowam etmeklerine ýol açar. Şunlukda, iňlis dili boýunça taýýarlyk okuwlary geljekki telekeçileriň, kompaniýalary dolandyryjylaryň, ykdysatçylaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen göni işewürlik gepleşiklerini geçirmeklerine ýardam berip, olaryň özara düşünişmek, dialog alyp barmak medeniýetini has-da ýokarlandyrar. Şoňa görä-de, bilim ojagynda talyplara iňlis diliniň işewürlik adalgalaryny we söz düzümlerini öwretmek, gepleşikleri netijeli alyp barmak boýunça sapaklar berler.
Ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça özgertmelere hem işjeň gatnaşýarlar. Olar dürli programmalary we mobil goşundylary işläp taýýarlap, sanly ulgam arkaly ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna uly goşant goşýarlar. Uniwersitetiň sanly tehnologiýalar fakultetinde superkompýuter tehnologiýalary, serwer, kompýuter tory, maglumat goragy, mobil programma, programmirlemek boýunça barlag-tejribehanalaryň 6-sy hereket edýär. Talyplara sanly dünýä baradaky bilimleri çuňňur öwretmekde bu otaglaryň ähmiýeti uludyr.
Ýokary okuw mekdebiniň serwer barlag-tejribehana otagynda nazary bilimleri iş şertlerinde has-da çuň özleşdirmek üçin innowasion we kuwwatly enjamlar ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde serwer enjamlarynyň gurluşy, görnüşleri, işleýiş aýratynlyklary öwredilýär. Serwer — munuň özi tordaky beýleki kompýuterlere maglumatlary we hyzmatlary ýetirmek üçin niýetlenen kuwwatly kompýuter hem-de programma üpjünçiligidir. Ol faýllary saklamak, buýruklary gaýtadan işlemek, web saýtlaryň, mobil goşundylaryň ulanyjylara elýeterli bolmagyny üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirýär.
Mälim bolşy ýaly, gurluşyk pudagy we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi milli ykdysadyýetiň batly depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara uniwersitetde bu babatda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýörite fakultet döredildi. Türkmen hususy gurluşyk kärhanalary Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşyp, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbini düýpli özgerdýärler. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň abraýly halkara guramalaryň, kompaniýalaryň we ylym merkezleriniň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan güwänamalaryňdyr baýraklaryň ençemesine mynasyp bolmagy milli işewürleriň gurluşykda toplan tejribesiniň ykrarnamasydyr. Binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetinde gurluşyk desgalarynyň we serişdeleriniň barlaglaryny geçirmäge ýöriteleşdirilen enjamlar gurnalan barlag-tejribehanalaryň 12-si hereket edýär.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň howlusynda ýaýbaňlandyrylan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergide ýurdumyzda elektron senagatyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümlerine möhüm orun berlipdir. Hojalyk jemgyýetiniň sergi diwarlygynda häzirki zaman elektron önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda soňky ýyllarda elektron senagatyň önümlerini öndürmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygyny belledi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça amala aşyrylýan döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.
Döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikleriň we goldawlaryň netijesinde telekeçiler döwrebap tehnologiýalara esaslanýan önümçilik toplumlaryny döredýärler. Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi kiçi we orta işewürligi ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylma daýanýan ykdysady syýasaty amala aşyrmak ýaly başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri gurluşyk taslamalaryny ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna wajyp orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmekde mynasyp paýy bolan telekeçiler önümçilikleri giňeltmek bilen, gurluşyk senagatynyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sergide plastmassa turbalaryň, keramiki bezeg plitalarynyň we sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Häzirki wagtda hususy gurluşyk kärhanalary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri gurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. Şunuň bilen bir hatarda, gurluşyklarda ulanylýan zerur gurluşyk serişdelerini öndürmekde olara möhüm orun degişlidir. Munuň özi gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak we oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň täze önümçiliklerini döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Hormatly Arkadagymyz 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredileninden bäri hususy işewürligiň başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, hususy bölegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan iri döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine has-da işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergä gatnaşýan ýurdumyzyň telekeçileri netijeli işlemek, täze önümçilikleri ýola goýmak, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda döredilýän amatly şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Milli Liderimiz türkmen telekeçileriniň döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de goldanyljakdygyny aýdyp, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektoryna şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, şeýle döwrebap bilim ojagyny gurduryp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, ähli işgärleriniň adyndan sagbolsun aýtdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň sport toplumynyň binasyna bardy. Uniwersitetiň sport toplumynda dürli sport çärelerini geçirmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Milli Liderimiz halkymyzyň “Saglyk — beglik” diýen pähimine ünsi çekip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelgäniň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Ýurdumyzda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň beýleki künjeklerinde täze sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň mejlisler jaýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplaryň, professor-mugallymlaryň öňünde beýanat bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýanaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi nazarlaýan, öňdengörüjilikli daşary hem-de içeri syýasatyna bagyşlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri talyplara ýüzlenip, şeýle ajaýyp günde olar bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny, halkymyzyň “Toýlar goşa-goşadan gelýär” diýen sözleriniň şu gün durmuş hakykatyna öwrülýändigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu günler Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň, açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli we netijeli ösdürýärler. Türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly bolup durýar. Bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmen hem-de hytaý halklary “Kasam şertnamasy” diýlip atlandyrylan şertnama gol çekipdirler. Şertnamada: “Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!” diýlip bellenilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol “kasama” eýerip, dostlukly ýurda sapary amala aşyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy kökleri taryha uzap gidýän dostluga ygrarlylygyň aýdyň nyşanydyr diýip, Milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz HHR-e saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar gününde özüne ýurdumyzyň talyplary bilen duşuşmagyň miýesser edendigini, 19-njy sentýabrda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy. Munuň özi halkymyzyň “Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr” diýen pähiminiň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Bu bolsa halk bilen döwletiň aýrylmaz bir bitewüdigini aňladýar diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Halk bilen maslahatlaşmak türkmençiligiň asylly däpleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde halkymyz bilen ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, onuň dowamynda kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzda birnäçe baýramçylyklaryň belleniljekdigini aýtdy. Hususan-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden belleniler.
Türkmenistanyň parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara giňişlikde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurtdur. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň ýubileý ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu şanly seneleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Soňra Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy.
Ilki bilen, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji şu dabarada çykyş etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi täze uniwersitetiň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu gün Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň beýanydyr.
Soňra Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy.
Soňra sertifikatlaşdyrmak boýunça “CERT International” guramasynyň direktory Riad Ibragimow Gahryman Arkadagymyza ýüzlenip, Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze ýokary okuw mekdebiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti yzygiderli ösdürilýär. Şunda innowasion çemeleşmelere möhüm ähmiýet berilýär. Myhman pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi täze ýokary okuw mekdebiniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
“Saybolt” kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleriň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. “Saybolt” kompaniýasynyň wekili Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy.
Soňra “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzy we döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. “Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.” kompaniýasynyň wekili Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.
Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine gowşurylan degişli şahadatnamalar we güwänamalar bu ýokary okuw mekdebiniň hil we enjamlaşdyrylyş, tehnologiýalar babatda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýändigini alamatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdebini mynasyp bolan halkara baýraklary bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bilim ulgamy tutuş dünýäde täzeçil tehnologiýalara esaslanýar hem-de kosmiki tizlik bilen ösýär. Täze uniwersitetiň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň döwrüň talaby bilen aýakdaş ösýändiginiň subutnamasydyr.
“Durmuşda öz ornuňy tapmak üçin bilime möhüm orun degişlidir. Bilim her bir adam üçin täze-täze mümkinçilikleri açýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň pikirleriniň peýdalanylmagy gurluşyk işlerinde innowasion çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsi boldy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň hem möhüm ähmiýetini belledi. Institutyň täze binasynda Gün panelleriniň, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň bolmagy ýurdumyzda “ýaşyl” energetika syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Milli Liderimizden şanly waka mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan ajaýyp türkmen halysyny Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat hökmünde gowşuryp bermegi uly hormat bilen haýyş edildi.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy şu günki dabaranyň ajaýyp jemlemesine öwrüldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz döwrebap ýokary okuw mekdebiniň açylmagy bilen ýygnananlary ýene bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.