Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
Ykdysadyýet
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
Çap edildi 29.04.2020
1792

Şu gün Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu düzümi döretmek hakynda çözgüt 2019-njy ýylyň maýynda taraplaryň özara gyzyklanmasynyň esasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň 11-nji mejlisiniň barşynda kabul edildi. Geňeşiň birinji mejlisi geçen ýyl birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirildi. Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisde Astrahan oblastyna birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, «Olýa» deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary, beýleki jogapkär adamlar wekilçilik etdiler. Bilelikdäki geňeşiň mejlisine gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostlukly häsiýeti netijesinde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we artýan depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerinde guralýar. RF-iň sebitleri hem-de iri senagat we medeni merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, täze bazarlary özleşdirmek, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistan Hazar sebitinde Astrahan oblastynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Biziň ykdysadyýetlerimiz biri-biriniň üstüni ýetirýär diýip, geňeşiň Astrahan tarapynyň başlygy, Astrahan oblastynyň senagat we tebigy serişdeler ministri Denis Afanasýew belledi. Şeýle hem onuň nygtaýşy ýaly, Russiýanyň Hazar sebitindäki paýtagty hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmäge, ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, ýurdumyzda dürli ugurlarda amala aşyrylýan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Şol maksatnamalar senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmagy, ýokary tehnologiýalary ulanmagy hem-de ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmegi ugur edinýär. Deňiz arkaly ýük daşamak, logistika, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bilen «Olýa» Halkara deňiz söwda portunyň arasynda awtoporom gatnaşyklaryny guramak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de onuň sanawyny giňeltmek, hususan-da, astrahanly oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň önümlerini Türkmenistanyň bazaryna getirmek hem-de Türkmenistanda öndürilen magdan däl serişdeleri we dokma harytlaryny Astrahan oblastyna ibermek bilen bagly netijeli gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlar boýunça türkmen-russiýa gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly geçirilýän işlere kanagatlanma bildirip, türkmen we astrahan işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine seretdiler.

Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
top-arrow