Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Awtoulag ulgamynyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşy güýçlenýär
Ykdysadyýet
Awtoulag ulgamynyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşy güýçlenýär
Çap edildi 29.04.2020
1218

Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar. Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly döwrebap awtoulag tehnikalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti yzygiderli pugtalandyrylýar. Geçen ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan «KAMAZ» kompaniýasyndan awtomobilleriň hem-de ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň jemi iki müňe golaýy satyn alnar. Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň iri awtoulag kärhanasyndan «KamAZ 6520» ýüküni özi düşürýän awtoulaglaryň eýýäm 181-si alyndy. Russiýa Federasiýasynyň iri sebiti bolan Tatarystan Respublikasy bilen köp möhüm ulgamlarda ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy. Özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan dostlukly gatnaşyklar her ýyl täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň Baştutanlarynyň, ilkinji nobatda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen tagallalarynyň netijesidir. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Rustam Minnihanowyň arasynda ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda ikitaraplaýyn ynanyşmagyň ýokary derejesiniň dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar, şolaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar iki tarapyň hem bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde köpýyllyk işleriň oňyn tejribesi bilen berkidilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Tatarystanyň iri kompaniýalary bolan «KamAZ» açyk paýdarlar jemgyýeti, «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň dikuçar zawody we beýleki köp sanly kärhanalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly bolup biler. Şunuň bilen baglylykda, Kama awtomobil zawodynyň önümleriniň ýurdumyzda örän bellidigini aýtmak gerek. Ýük awtoulaglary, ýüküni özi düşürýän, ýangyç guýujy ulaglar hem-de kenarýakasyndaky Çernow şäheriniň beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalary Türkmenistanda özüni iň oňat tarapdan görkezdi. Olar ulanyşda ygtybarlydyr hem-de iri gurluşyklaryň ählisinde diýen ýaly ulanylýar. Kompaniýanyň inženerleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň satyn alýan tehnikalaryna bildirýän talaplaryna laýyklykda ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylan awtoulaglaryň nusgalaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Aşgabatda hereket edýän «KamAZ» söwda we okuw-hyzmat ediş merkezinde ulaglara tehniki taýdan doly hyzmat edilýär. Şeýle hem enjamlaryň, ulanmagyň, anyklaýşyň hem-de tehnikalaryň täze görnüşlerini abatlamagyň aýratynlyklaryny öwrenýän türkmen hünärmenleri okadylýar. «KamAZ-yň» täze ýük tehnikalarynyň garşylanyş dabarasyna «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtoulag kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Däbe görä, bu waka mynasybetli ak pata bermek çäreleri geçirildi. Bu ýere ýygnananlar awtoulaglara alaja daňyp, olaryň uzak ýyllar hyzmat etmegini arzuw etdiler. Pudagyň işgärleri ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna berýän uly ünsi, öndürijilikli zähmet çekmek üçin döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek wezipelerini çözmek üçin ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar.

Soňky habarlar
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitindäki ÇYKYŞY
01.09
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky GUTLAG SÖZI
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
01.09
Energetika pudagynyň ylym-bilim binýady pugtalandyrylýar
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanmaga berildi
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow