Ýazky gowaça ekişiniň ýakynlaşyp gelýän şu günlerinde ýurdumyza dünýä belli kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýakynda geçiren mejlisinde oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň öňünde ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, tehnikalardan doly güýjünde netijeli peýdalanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýdy. Şol wezipeleri ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirmekde täze tehnikalaryň gelip gowşan nobatdaky tapgyry uly ähmiýete eýe bolar. Täze tehnikalar başlanjak ekiş möwsümine daýhanlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde bu wezipeler döwlet Baştutanymyzyň tassyklan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, hil taýdan täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasyndan telematik sanly elektron ulgam arkaly dolandyrylýan takyk gowaça ekijiler we bejergi traktorlary gelip gowuşdy. Häzirki wagtda bu tehnikalar ekerançylyk meýdanlarynda ornaşdyrylyp başlanyldy. Oba hojalygynda mehanizmleşdirilen işleriň sanly tehnologiýalar we telematik ulgam arkaly ýerine ýetirilmegi topragy has takyk usulda işläp bejermäge mümkinçilik berýär. Geçen ýylyň awgust aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Germaniýanyň «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyna 2020 — 2030-njy ýyllarda oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna sanly elektron dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyz tarapyndan 2013 — 2019-njy ýyllarda satyn alnan «John Deere» we «Claas» görnüşli ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary telematik ulgamy bilen enjamlaşdyrylar. Bu ulgam tehnikanyň işine, hususan-da, onuň ýerleşýän ýerine, ýangyç harçlaýşyna, iş wagtyndaky hereketine we başga-da birnäçe görkezijilere edara ediş binasyndan çykman, şeýle hem Internet ýa-da ykjam telefon aragatnaşyk bolan ýerden gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda Dolandyryş merkezi döredildi. Oňa iş tertibine laýyklykda, oba hojalyk möwsümlerinde hereket edýän tehnikalar hakyndaky maglumatlar gelip gowşar. Şunuň ýaly merkez Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Änew şäherinde-de bar. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň we etraplaryň edara ediş merkezlerinde bir bitewi ulgama birikdirilen maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek hem-de gaýtadan işlemek boýunça ýörite enjamlar bilen üpjün edilen gözegçilik bölümlerini döretmek meýilleşdirilýär. Diýarymyza gelip gowuşýan ähli görnüşdäki oba hojalyk tehnikalarynyň ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, hökmany suratda deslapky synagdan geçirilýär. Sanly telematik ulgam bilen enjamlaşdyrylan «John Deere» traktorlary Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynyň ekerançylyk meýdanlarynda synagdan geçirildi. Ýurdumyza şu ýylyň mart — aprel aýlarynda bu kysymly traktorlaryň jemi 155-si we olar üçin şonça teker toplumlary we kultiwatorlar hem-de seýalkalaryň 98-si gelip gowuşar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «John Deere Walldorf GmbH & Co. KG» kompaniýasy bilen Türkmenistana 600 pagta ýygyjy kombaýnlary getirmek barada täze iri ylalaşyklar baglaşyldy. Şolaryň 300-si 2019-njy ýylda gelip gowuşdy, ýene-de 300-si 2020-nji ýylyň pagta ýygymy möwsümine çenli gelip gowşar. «John Deere 9970» kombaýny ulanyşda ýönekeýligi, tygşytlylygy, şeýle hem bunkeriniň göwrüminiň ululygynyň hasabyna ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýan häzirki zaman kysymly tehnikadyr. 2017 — 2018-nji ýyllarda ýurdumyza şeýle ýygym tehnikalarynyň 400-si gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 2017 — 2020-nji ýyllar aralygynda «CLASS» kompaniýasynyň däne ýygyjy kombaýnlaryny, sürüm traktorlaryny hem-de bejergi traktorlaryny ýurdumyza tapgyrlaýyn getirmek barada şertnama baglaşyldy. Bu resminama laýyklykda, «CLASS» kompaniýasynyň «TUCANO 420» kysymly döwrebap däne ýygyjy kombaýnlarynyň 1000 sanysy, bu kompaniýanyň «AXION 850» kysymly sürüm traktorlarynyň 800 sanysy we «AXOS 340» kysymly bejergi traktorlarynyň 1550 sanysy ýurdumyza getirildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebap ösdürmäge, esasan hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talap edişi ýaly, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmäge ýardam berýär. Netijede bolsa, munuň özi ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almaga hem-de ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almaga mümkinçilik berer. Täze görnüşli öndürijiligi babatda has gowulandyrylan tehnikalary satyn almak arkaly döwletimiz obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýär we döwrebaplaşdyrýar. Ähli meýdan işlerini agrotehniki möhletlere laýyk derejede we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar. Oba hojalyk işgärleriniň önümçilik we hünär derejeleri ýokarlanýar we iş şertleri gowulanýar. «John Deere» kysymly oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň häzirki zaman görnüşlerini bankdan karz serişdelerini almagyň hasabyna ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri hem satyn alyp bilýärler. Hormatly Prezidentimiz telekeçilere döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda degişli Karara gol çekdi. Umuman, oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pugta binýady döretmek, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.