Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
...Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi.
HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we HHR-iň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmak, olary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemek, halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Gatnaşyklaryň şeýle derejesi syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky özara hereketlere oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary açyklygy, özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň ýokary derejesi, uzak möhletli bilelikdäki ösüş maksatlaryna aýdyň düşünilmegi bilen tapawutlanýar.
Halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çemeleşmeleri ýakyn ýa-da gabat gelýär. Tutuş dünýäde, Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylyş şol çemeleşmeleriň esasyny düzýär. Türkmenistan hem-de HHR halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ençeme Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etmegine ýokary baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady. “Bu gün şanly senäniň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu barada aýratyn buýsanç bilen nygtamak isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany kabul etmeginde Hytaý Halk Respublikasynyň möhüm ornuna ünsi çekip, munuň üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
HHR-iň Başlygy hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Hytaýyň ýurdumyzyň bu halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Hytaý Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlarymyz birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürip, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegi, senagat, oba hojalyk kooperasiýasyny, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmegi, dürli ugurly, şol sanda ýokary tehnologiýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýärler.
Gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki günde ýurtlarymyz gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.
Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistan bilen bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Hytaý üçin uly hormatdygyny belledi hem-de hytaý tarapyna bu ugurda Türkmenistanda işlemäge döredilýän şertler hem-de goldawlar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Si Szinpin häzirki wagtda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol HHR-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Ulag-logistika hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olaryň esasynda giň, açyk we netijeli ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, özara bähbitlilik, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almak, uzak möhletleýinlik we durnuklylyk ýörelgeleri esasynda Ýewraziýa yklymynyň çalt depginler bilen ösýän sebitlerini bitewi geoykdysady giňişlige birleşdirmek ýaly umumy maksatlar bar. Döwlet Baştutanymyz bu maksatlara ýetmekde Merkezi Aziýa sebitine möhüm ornuň degişlidigini, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” dialogyny goldaýandygyny we oňa işjeň gatnaşýandygyny belläp, häzirki günde bu formatyň derwaýysdygyny hem-de oňa gatnaşyjylaryň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.
Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň gün tertibinde medeni-ynsanperwer ulgam, hususan-da, bilim ulgamy wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz olaryň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň HHR bilen bilim ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, şol sanda ýokary tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň, taryhy-arheologik ylmy barlaglary geçirmegiň, iki halkyň edebi mirasyny öwrenmegiň we ony özara wagyz etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň hem ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda ýurdumyzyň toplan baý tejribesini halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmak üçin hytaýly hyzmatdaşlar bilen bu tejribäni ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
“Türkmenistan we Hytaý gadymy taryhy bolan ýurtlardyr. Asyrlaryň dowamynda biziň halklarymyz dürli görnüşlerde gatnaşyk saklap, özboluşly tejribe topladylar. Bu gün Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä gurluşy baradaky garaýyşlary ýakyndyr. HHR-iň Başlygynyň “Adamzadyň bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy bilen sazlaşýar. 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly dostudygyny, onuň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzda guwanylýandygyny aýdyp, Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda HHR-iň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynam bildirdi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga uly ähmiýet berilýändigini belledi we HHR-iň uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugruna berk ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň beýan eden tekliplerini goldaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
***
Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Intellektual eýeçilik meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar bu ugurda tejribe alşyp, innowasiýalary we awtorlyk hukugyny goramak boýunça hukuk binýadyny hem-de mehanizmleri ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Iki ýurduň bilim ulgamynyň wekilleri akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Medeni hyzmatdaşlyk dialogyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şunda muzeý işine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni mirasy gorap saklamak hem-de giňden wagyz etmek, sergileri, iki halkyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän beýleki medeni çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşykda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, logistikany gowulandyrmak, awtomobil, demir ýollary ösdürmek babatda pikir alyşdylar. Energetika ulgamy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşykda türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. Degişli infrastrukturanyň ösdürilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, özara maýa goýumlar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy (Türkmenistan) bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.