Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda
Ykdysadyýet
Sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda
Çap edildi 24.02.2020
1008

Dubaý şäherinde (BAE) 24-nji fewralda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» halkara roud-şüweleňine dünýäniň nebitgaz bazarynyň öňdebaryjylary, ýurdumyzyň uglewodorod pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan bu ýöriteleşdirilen forum biziň döwletimiziň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan pudagyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça strategiýany, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp görnüşli ugurlaryny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň, şol sanda gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi giňeltmek boýunça strategiýany amala aşyrýar. Roud-şüweleňi guraýjylaryň maglumatlaryna görä, bu çärä 40-a golaý ýurtdan iri kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşýar, munuň özi Türkmenistanyň barha ösýän gaz pudagyna dünýäniň energetika işewürligi tarapyndan ýokary gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi düşnüklidir, sebäbi häzirki wagtda dünýäde bu babatda dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň tebigy gazlarynyň gorlary 50 trillion kub metrden gowrak möçbere deňdir. Türkmenistanyň geoykdysady taýdan amatly ýagdaýa hem-de uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bar bolan hem-de geljekde ýola goýuljak ugurlar boýunça gazyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bardyr. Dubaýda geçirilýän forumyň ilkinji gününde «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahat we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly ilkinji mejlis boldy. Ýurdumyzyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini möhüm wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde aýratyn bellediler. Bellenilişi ýaly, daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň hatarynda ýurdumyzdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, şeýle hem degişli kanunçylyk binýady uly ähmiýete eýedir. Ýygnananlar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýeten sepgitleriniň giňişleýin syny, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, «Biz nebitgaz pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, onuň düzümlerini täze häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna giňeltmegi ugur edinýäris. Şunuň bilen baglylykda, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de önümleriň täze görnüşlerini öndürmek biziň üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy tarapyndan giň gerimli işler amala aşyrylýar». Türkmenistan tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberýän iri döwlet hökmünde dünýä energetiki bazarynda diňe bir oz ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, energetika serişdeleriniň eksporta iberilýän möçberleriniň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna dünýä bazaryna gatnaşmagynyň mazmunyny hil taýdan özgerdýär. Nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar, munuň özi sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dubaýda geçirilýän maslahatyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisi bilen tanyşdyrmak çäresi guraldy, onda bu gurluşygyň ilerledilişi, ägirt uly taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ýetirýän täsiri baradaky maglumatlar beýan edildi. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylar häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň hem-de bitaraplyk derejesiniň aýratyn möhümdigine ünsi çekdiler. Mysal hökmünde Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklar getirildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasat netijesinde biziň ýurdumyz bu döwletdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmakda hem-de bu ýurduň halk hojalyk toplumyny gaýtadan dikeltmekde hemmetaraplaýyn ýardam berýär, yzygiderli ýagdaýda ynsanperwerlik kömegini, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär, Owganystanyň ykdysadyýetini sebit gatnaşyklaryna çekmäge ýardam berýän ulag we energetika taslamalaryny amala aşyrýar. Halkara roud-şüweleňiniň birinji iş gününiň mejlisleri Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň ösüşine, ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagyna, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň deňiz toplumlarynyň özleşdirilmegine we maýa goýumlaryny çekmek meselelerine bagyşlandy. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, şeýle hem «Gas Strategies», «Haldor Topsoe», «China National oil and gas Exploration and Development Corporation», «Dragon Oil», «WOOD», «Gaffney, Cline & Associates» ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Günüň ikinji ýarymynda «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýol görkezijisidir» atly «tegelek stol» we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny goýmagyň hukuk we salgyt ugurlary boýunça maslahat guraldy. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesiniň esasy menejerleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi. Göçme forum, iş duşuşyklary we gepleşikler 25-nji fewralda dowam etdiriler.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow